Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Türkiýede talyplar jemgyýetini döreden student Türkmenistanda tussaglykda saklanýar

Türkiýede okaýan türkmen studenti Omriuzak Omarkulyýew Türkmenistanda tussag astynda saklanýar diýip, onuň ýakynlary Azatlyk Radiosyna habar berdiler. Azatlyk Radiosyna 9-njy we 11-nji iýunda gowşan maglumatlara görä, Omriuzak Omarkulyýew Owadan Depe türmesinde saklanýar.


Omriuzak Omarkulyýew Türkiýede türkmen studentleriniň jemgyýetini döreden türkmenistanly ýaş aktiwistdir. Ol 21-nji ýanwarda Azatlyk Radiosynda eden çykyşynda öz döreden guramasy barada gürrüň berip, öz guramasynyň işine Türkmenistanyň ilçihanasynyň gyzyklanma bildirýändigini we goldaw hödürländigini aýdypdy. Ömriuzak mart aýynyň başynda Azatlyk Radiosy bilen habarlaşyp, özüniň türkmen häkimiýetleri tarapyndan 14-nji fewralda Türkmenistana alnyp barylandygyny we şondan bäri ýurtdan goýberilmän saklanýandygyny gürrüň beripdi.


Omriuzak Omarkulyýew: Men Türkiýede türkmenistanly talyplaryň raýdaşlyk birleşiginiň ýolbaşçysy bolýaryn. Men Türkmenistanyň Ankaradaky konsulhanasynyň başlygy Myrat Akmämmedowyň haýyş etmeginde, Türkmenistanyň Merkezi saýlaw edarasynyň ýörite toparynyň çakylygy boýunça şu ýylyň fewral aýynyň 14-ne Türkmenistana getirildim.




​Omriuzak Omarkulyýew özüniň Türkmenistana barmagynyň maksadynyň Türkmenistanda 25-nji martda geçirlen parlament saýlawlaryna syn etmek we Türkiýede bilim alýan türkmenistanlylaryň gatnaşmagyny guramalaşdyrmak ýaly işlerden ybarat bolandygyny gürrüň beripdi. Ol Türkmenistanda saýlawlara görülýän taýýarlyklaryň çäginde geçirlen resmi maslahatlaryň birine gatnaşyp, Türkiýä gaýtmakçy bolýandygyny, emma ýurtdan goýberilmeýändigini aýdypdy.


Omriuzak Omarkulyýew: Men şu hakda geçirilen ýygnaga şu ýylyň fewral aýynyň 21-ne gatnaşdym. Soňra men ertesi güni fewral aýynyň 22-ne irden 7:30-daky Aşgabat-Stambul uçary bilen uçmakçy boldum. Ýöne meni şol ýerde Migrasiýa gullugy yzyma gaýtardy. Sebäbini soranymda 'pasportyň okalanok' diýip, jogap berdiler. Soň men şol gün Migrasiýa gullugyna gidip pasportymy barlatdym, ýöne hiç hili näsazlygyň ýokdugyny aýtdylar. Men asyl sebäbini öwrenmekçi boldum. Men Migrasiýa gullugynyň başlygy bilen görüşdim. Ol hem hiç hili sebäbini düşündirmedi, hatda meniň ýurtdan çykyp bilmejegimi aýtdy.       


Omriuzak Omarkulyýew Azatlyk Radiosy bilen mart aýynda eden şol söhbetdeşliginde özüniň ýurtdan çykmagyna mümkinçilik döredilmegini sorap, Türkmenistanyň Içeri işler we Daşary işler ministrliklerine, şeýle-de baş prokuraturasyna eden ýüzlenmeleriniň netije bermändigini, 22-nji fewral we 1-nji mart aralygynda Aşgabadyň halkara aeroportunda galyp, Türkiýä uçmaga yzygiderli synanyşandygyny habar berdi.


Omriuzak Omarkulyýew: Men soňra mart aýynyň 9-na hem Aşgabat howa menziline çykmakçy boldum, ýene-de yzyma gaýtardylar. Okuwymyny dowam etdirmek üçin yzyma gaýdym bilmejegimi aýtdylar. Indi men näme etjegimi bilmän galdym. Aýalym şu wagt Türkiýede. Ol hem kyn ýagdaýda galdy. Şu gürrüňler, başymdan geçen wakalar barada habar dünýä radiosynda çykan pursadynda meni belki-de dynç goýmazlar. Meni komitet işgärleriniň, howpsuzlyk işgärleriniň näme etjekdigini bilemok. Men bu taýdan hormatly prezidentimize ýüzlenmek isleýärin. Meniň Türkiýä okuwa dolanmagyma rugsat beriň. Maşgalam kyn ýagdaýda galdy. Aýalym alada edýär. Garaşýar.   




​Türkiýede okaýan türkmenistanly aktiwist student Omruzak Omarkulyýewiň Azatlyk Radiosyna mart aýynda beren bu interwýusyndan soň ondan hiç hili habar bolmady. Birnäçe garaşsyz habar beriş serişdeleri onuň türkmen häkimiýetleriniň gysyşy astynda saklanýandygyny habar beripdi. Azatlyk Radiosy Omriuzagyň ykbaly barada üç aýa golaý wagt bäri yzygiderli maglumat almaga synanyşýar.


Bellemeli ýeri Ömriuzak Omarkulyýewiň Türkmenistana barmagy ýuduň saýlaw komitetiniň resmi çakylygy boýunça we Ankaradaky türkmen konsulhanasynyň başlygynyň guramaçylygynda amala aşyryldy. Azatlyk Radiosynyň konsulhana jaň edip, Ömriuzak Omarkulyýewiň ykbaly barada maglumat almak boýunça synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.


Azatlyk Radiosyna soňky günlerde garaşsyz çeşmelerden gowşan käbir maglumatlarda Omriuzak Omarkulyýewiň 20 ýyla çenli türme tussaglygyna höküm edilen bolmagynyň ähtimaldygy aýdylýar. Biz bu maglumaty resmi taýdan entek tassykladyp, ýa-da inkär etdirip bilmedik. Türkmen häkimiýetleriniň Türkiýede türkmen studentleriniň jemgyýetini döreden studenti nämede aýyplaýandygy hem nämälim galýar.


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net