Owganystanda parlament agzasynyň öýüne edilen hüjümde 3 adam öldürildi
Welaýat gubernatorynyň sözçüsi Ataullah Khogýani 8-nji iýunda welaýat paýtagty Jelalabatda hüjüm edilen öýüň parlament agzasy Feridon Momandyň jaýy bolandygyny aýtdy.
Şeýle-de ol öýi goraýan howpsuzlyk ofiseriniň, bu jaýdaky bir aýal bilen onuň adamsynyň öldürilendigini, bäş adamyň bolsa ýaraly bolandygyny gürrüň berdi.
Khogýani janyndan geçen bombaçynyň öz partlaýjylaryny partlatmanka öldürilendigini, ýene bir ýaragly adamyň bolsa howpsuzlyk güýçleri bilen atyşykda öldürilendigini sözüne goşdy.