Makron Eýranyň uran baýlaşdyrmak plany sebäpli “konflikt” ähtimallygyny duýdurýar
Makron 5-nji iýunda Parižde, Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu bilen beren metbugat ýygnagynda “hemmeleri ýagdaýy durnuklaşdyrmaga hem-de diňe bir zada – konflikte eltip biljek gižželemelere berilmezlige” çagyrdy.
Ol Eýranyň öz ýadro infrastrukturasyny giňeltmek barada gelen karary 2015-nji ýylda baglaşylan we ýadro işjeňliklerini jylawlamagyň ýerine Eýrana sanksiýa ýeňilliklerini beren ylalaşykdan çykmaklyga esas bermeýär diýdi.
Ýewropa liderleriniň bu ylalaşyga ygrarly bolup galmak barada beren wadalaryna garamazdan, Eýranyň eden yglany bu ylalaşygyň bozulmak ähtimallygynyň nähili ýakyndygyny görkezdi diýip, Makron aýtdy.