Eýran we Ýewropa döwletleri Ýadro ylalaşygyny maslahat edýärler
Eýran resmileri eger-de Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa, Russiýa, we Hytaý Ylalaşyga laýyklykda, öz üstüne alan borçnamalaryny berjaý etseler, onda Tähranyň hem ýadro programmasyny çäklendirmek boýunça wadalaryny tutjakdygyny aýtdylar.
2015-nji ýyldaky Ylalaşyga görä, Tähran özüne garşy girizilen sanksiýalaryň gowşadylmagynyň öwezine, özüniň ýadro programmasyny çäklendirmäge razy bolupdy.
“Bu aňsat bolmaz, emma biz elimizden gelenini ederis” diýip, Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Abbas Arakçi gepleşikleriň öňýany çykyş etdi.