Erdogan Bosniýanyň paýtagtynda gapma-garşylykly üýşmeleň geçirýär
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Ýewropa Bileleşigine girýän ýurtlaryň birnäçesi şeýle demonstrasiýalary gadagan edeninden soň, Bosniýa-Herzegowinanyň paýtagty Saraýewoda bu ýerde ýaşaýan türk raýatlaryna nazarlanan saýlaw ýygnanyşygyny geçirmekçi bolýar.
Saraýewoda 20-nji maýda geçirilýän miting Türkiýäniň 24-nji iýunda geçiriljek prezident we parlament saýlawlarynyň öňünden gelýär.
Geçen ýyl, bir topar ýurt Türkiýäniň hökümetine ahyr netijede Erdoganyň peýdasyna bolan we türk prezidentiniň ygtyýarlyklarynyň giňeldilmegine alyp gelen referendumdan öň ýygnanyşyk geçirmek rugsadyny bermekden boýun gaçyrandan soň, ÝB bilen Türkiýäniň arasyndaky dartgynlyklar ýokarlandy.
Bosniýanyň mediasy şäheriň Zetra sport merkezinde geçiriljek ýygnanyşga 20 müň çemesi adamyň gatnaşjakdygyny, bu ýerde Erdoganyň we Türkiýäniň ilkinji prezidenti Mustafa Kemal Atatürkiň ägirt uly portretleriniň 19-njy maýda asylyp goýlandygyny habar berdi.
Ýewropada türk saýlawlarynda ses bermek hukugy bolan 3 million çemesi türk bar, olaryň 1.4 million çemesi Germaniýada ýaşaýar.
Awstriýa we Niderlandiýa geçen aý türk syýasatçylarynyň öz ýurtlarynda iýundaky saýlawlar üçin geçirjek islendik kampaniýasyny gadagan etjekdiklerini aýtdylar. Emma muňa garamazdan, Saraýewonyň Ankara bilen ýakyn gatnaşyklary bar.