Belarus: '328 eneleri' neşe sebäpli tussag edilenler üçin açlyk çekýär
Açlyk çekýän aýallar özlerini “328 eneleri" diýip atlandyrýarlar.
Bu at Belarusyň Jenaýat kodeksiniň 328-nji maddasy bilen bagly. Bu madda neşe bilen baglanyşykly jenaýatlar üçin 25 ýyl türme tussaglygynyň berilmegini talap edýär.
Bu aýallaryň köpüsi öz açlyk aksiýalaryna 27-nji aprelde başlady.