Kabul partlamasynda ölenleriň sanynyň 31-e çykdy
Owganystanyň saglyk resmileri başda 22-nji aprelde guralan hüjümde ölenleriň sany dört, ýaraly bolan 15 diýdiler.
Janyndan geçen bombaçy Kabulda saýlawçylary hasaba alýan merkezde saýlawçynyň şahsyýetini tassyklaýan karty almak üçin toplanan mähelläni nyşana aldy.
Hüjümiň jogapkärçiligini bada-bat öz üstüne alan tapylmady.
Ýöne ol şäheriň günbatarynda, şaýylaryň köplük bolup ýaşaýan ýerinde guraldy. Ozal bu ýerde guralan hüjümleriň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” ekstremist topary öz üstüne alypdy.
Owganystan 14-nji aprelde uzak gijikdirilen we oktýabrda geçiriljek parlament saýlawlary üçin ses berijileri hasaba almaga başlady.