Türkmenistanyň, Russiýanyň arasynda konsullyk meseleleri boýunça gepleşikler geçdi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň beýanatyna görä, taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn ösüşini belläp, iki ýurduň konsullyk gulluklarynyň ugry boýunça özara gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri boýunça pikir alyşypdyrlar.
Gepleşiklerde migrasiýa ugrunda halkara gün tertibiniň meselelerine garalandygy bellenilse-de, olaryň mazmuny dogrusynda jikme-jik maglumatlar berilmeýär.
Ýatlatsak, 2017-nji ýylda Russiýada 74 müň türkmen raýaty resmi hasaba alyndy. Deňeşdirme üçin aýdylsa, gürrüňi edilýän döwürde Russiýada Özbegistandan 4 million, Täjigistandan hem 2 milliona golaý adam resmi hasaba durdy.