Müsüriň Aleksandriýa şäherinde bolan partlamada iki adam öldi
Aleksandriýanyň howpsuzlyk polisiýasynyň başlygy general-maýor Mostafa al-Nemriň nyşana alnandygy ýaly bolup görünýän partlamada başga-da dört polisiýa ofiseri ýaralandy diýip, Müsüriň Içeri işler ministrligi aýtdy.
“Partlama Aleksandriýanyň Howpsuzlyk direktoratynyň başlygy geçip barýan mahaly, Roşdi etrabynda boldy” diýip, ministrligiň beýanatynda bellenilýär.
Müsüriň döwlet eýeçiligindäki “al-Ahram” gazetiniň Aleksandriýanyň howpsuzlyk departamentine salgylanyp ýazmagyna görä, wakada Nemre zeper ýetmändir.
Bu hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady.