Moskwanyň golaýyndaky poligona garşy täze protestler geçirildi
Protestçiler ýerli dolandyryş edaralarynyň öňünde ýygnandylar. Bu protestler Moskwa regionynyň häkimi Andreý Worobýowyň bir gün ozal etrap başlygyny işden boşadandygyna garamazdan amala aşyrylýar.
21-nji martda Wolokolamskyň golaýyndaky “Ýadrowo” poligonyndan syzan gazdan dem alan ýaly bolup görünýän ýerli çagalaryň ortaça 150 sanysyna medisina kömegi berildi, şol sanda onlarçasy keselhana ýerleşdirildi.
Worobýowyň edarasy Ýewgeniý Gawrilowyň işden boşadylyp, onuň ýerine täze regional resminiň wezipä bellenendigini aýdypdy.