Daşkentde türkmen-özbek ykdysady komissiýasynyň maslahaty geçdi
Türkmenistanyň resmi mediasyna görä, 1-2-nji martda geçirlen maslahatda taraplar ýurtlaryň 2018-2020-nji ýyllar boýunça hyzmatdaşlygyna degişli meseleleri, şol sanda transport we syýahat, medeniýet, ylym, sungat we sport ugurlar barada pikir alyşypdyr.
Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman transport ýoly baradaky ylalaşyklaryň ähmiýeti we Türkmenabat-Farap awtomobil we demirýol köprüleriniň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.
Türkmenistanyň Daşkente sapar eden resmi toparyny Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew kabul etdi.