Orsýetli Alina Zagitowa Pýongçangda altyn medal gazandy
15 ýaşly Zagitowa we 18 ýaşly Medwedewa görkezijileri boýunça bir-birine duldegşir ýakyn bolupdy.
Emma Zagitowa 21-nji fewralda gysga programmasy bilen eden çykyşynda Medwedewadan öňe çykdy. Medwedewa kümüş medal gazandy.
Orsýet dört ýyl mundan ozal Soçide geçiren gyşky olimpiýa oýunlarynda giň möçberli dopinge ýol bermekde aýyplanyp, Pýongçang oýunlaryna gatnaşmakdan mahrum edildi.
Emma 168 sany orsýetli sportsmene Olimpiada olimpik baýdagynyň astynda gatnaşmaga rugsat berildi.
Buzda şekilli taýmak boýunça bäsdeşlikde bürünç medal kanadaly Kaetlyn Osmonda berildi.