TOPH gaz geçirijisiniň Owganystana degişli böleginiň düýbi tutuldy
Hyratdaky dabara Owganystanyň, Türkmenistanyň prezidentleri Aşraf Ghani we Gurbanguly Berdimuhamedow, şeýle-de Pakistanyň premýer-ministri Şahid Hakan Abbasi we Hindistanyň daşary işler boýunça döwlet ministri M.J. Akbar gatnaşýar.
"Galkynyş dünýäniň ululygy boýunça ikinji ýerdäki gaz ýatagy bolup, TOPH gazgeçirijisini gaz bilen üpjün eder” diýip, Berdimuhamedow türkmen-owgan serhediniň golaýyndaky şäherde ýerleşýän žurnalistlere Hyratdan wideo aragatnaşyk arkaly aýtdy.
Türkmenistan dünýä derejesinde gaz zapaslarynyň ululygy boýunça dördünji ýerde durýar, emma gaz eksportynda Hytaýa garaşly bolmagynda galýar.