Derňewçiler Moskwa regionynda heläk bolan uçaryň ýere gaçýança abat bolandygyny anykladylar
12-nji fewralda çap edilen beýanatda Derňew komitetiniň uçaryň Domodedowo aeroportundan uçandan soňra sähel wagtdan ýere gaçýança ýangyna uçramandygyny anyklandygy aýdylýar. Uçaryň ýolagçylaryndan we ekipaž agzalaryndan 71 adam wepat boldy.
“Uçarda ýere gaçan pursadyna çenli kemçiligiň ýa-da ýangynyň bolmandygy anyklandy” diýlip, beýanatda aýdylýar we ýangynyň uçaryň ýere gaçmagynyň yzýany dörändigi bellenýär.
Resmiler uçar pajygasyna terrorçylykly aktyň sebäp bolmandygyny anyklandygyny bellediler, emma heläkçilige getiren hakyky sebäpleri mälim etmediler.
Derňew komiteti häkimiýetleriň “ähli teoriýalary” öwrenýändigini we An-148 kysymly uçaryň tehnikiýagdaýyna, türgenleşik taryhyna we pilotlaryň tejribesine degişli maglumatlary barlaýandygyny habar berdi.