ABŞ Putine ýakyn bolmakda güman edilýän 210 tüçjar baý resmisiniň sanawyny çap etdi
30-njy ýanwarda çap edilen we Kreml hasabaty diýlip atlandyrylan dokumentde 114 sany orsýetli syýasatçynyň we 96 sany “oligarhynyň” ady agzalýar. ABŞ olaryň Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen ýakynlygy sebäpli baýandygyny aýdýar.
Hasabat sanksiýalary öňe sürmeýär we prezident Donald Trampyň administrasiýasy häzirki wagtda Orsýet babatynda täze sanksiýalary girizmeýändigini Kongresse duýdurdy.
Täze sanaw Putiniň 43 sany kömekçisini, şol sanda prezidentiň metbugat-wekili Dmitriý Peskowy, şeýle-de 31 ministrini, şol sanda premýer-ministr Dmitriý Medwedewi öz içine alýar.
Orsýetiň döwlet gözegçiligindäki iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary, şol sanda Rosneftiň başlygy Igor Seçin ABŞ-nyň sanawynda görkezilýär.
29-njy ýanwarda Dmitriý Peskow ABŞ-ny Orsýetiň 18-nji martda geçirjek prezidentlik saýlawlaryna goşulyşmaga synanyşyk etmekde aýyplady.