ABŞ ilçisi “has demokratik Belarusa” berjek goldawyny tassyklady
ABŞ-nyň Belarusdaky ilçisi prezident saýlawyndan bäri geçen bir ýylda belaruslaryň “öz geljeklerini kesgitlemek üçin öz ses hukuklaryna eýe bolmak islegleri” sebäpli bolan we halk-demokratik hereketleriniň ýaýbaňlanmagyna getiren ösüşleriň “Belarus üçin görülmedik derejedäki ajaýyp waka” bolandygyny aýtdy.
Ilçi Julie Fişeriň Azatlyk radiosynyň Belarus gullugy bilen geçirilen ýörite söhbetdeşligi 7-nji awgustda çap edildi.
Ol Birleşen Ştatlaryň Belarusyň içinde, syýasy tussaglaryň ählisi hiç bir şertsiz boşadylandan soň, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň howandarlygynda "täze saýlawlara ýol açjak", ähli tarapy “öz içine alýan gepleşik geçirmek baradaky çagyryşyny dowam etdirýändigini aýtdy.
"Bu bizi Belarusda kanuny täze lidere alyp geljek zat we biz muňa sabyrsyzlyk bilen garaşýarys" diýip, Fişer aýtdy.
2008-nji ýyldan bäri ABŞ-nyň Belarusdaky ilkinji ilçisi hökmünde, Fişer 2020-nji ýylyň dekabrynda kasam kabul etdi, ýöne Belarusda liderlik üstünde turan dawa sebäpli Minskdäki wezipesine girişip bilmedi.