Nigeriýadaky hüjümlerde azyndan 70 adam öldürildi
Hüjümlerde Mali bilen serhet ýakasyndaky Çombangou we Zaroumdareýe obalarynyň nyşana alyndy diýip, içeri işler ministri Alkaçe Alhada 2-nji ýanwarda aýtdy.
Hüjümiň jogapkärçiligini üstüne alan bolmady.
Günbatar Afrika ýurdunyň howpsuzlyk çeşmeleri “Roýters” habar gullugyna ölenleriň sanynyň azyndan 70 bolup biljekdigini aýtdylar.
"Al-Kaýda" we "Yslam döwleti" topary bilen ilteşikli söweşijiler Sahel sebitini ýyllarboýy durnuksyzlaşdyryp gelýär.
Az ilatly sebitdäki gapma-garşylyklar ýüzlerçe müň adamyň bosmagyna, müňlerçe adamyň öldürilmegine we gumanitar krizisiň döremegine alyp geldi.
Şeýle-de, bu durnuksyzlyk sebiti Ýewropa gitmäge synanyşýan migrantlar üçin adam söwdasynyň merkezine öwürdi.
BMG-nyň Malidäki missiýasyndan başga, MINUSMA, Fransiýa we ABŞ sebitde terrorçylyga garşy tagallalary goldady.