Protestden soň Mary şäherindäki bankomatlaryň öňünde nobatlar azaldy, etraplarda köpeldi
![Protestden soň Mary şäherindäki bankomatlaryň öňünde nobatlar azaldy, etraplarda köpeldi](https://gdb.rferl.org/9BE672A3-E823-485E-9001-CB95067A7CDB_cx1_cy63_cw96_w800_h450.jpg)
Maryda ýüzlerçe adam, häkimiýetleriň pul nagtlaşdyrmak boýunça girizen nobatdaky çäklendirme-düzgünlerine närazylyk bildirip, protest çäresini geçirenden soň, şäherdäki bankomatlaryň öňünde nobata durýan adamlaryň sany göz-görtele azaldy. Marynyň etraplarynda bolsa, häkimiýetler kartlaryndaky puly nagtlaşdyrmak isleýän ýaşaýjylardan ýörite talon almagy talap edýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylarynyň biri 14-nji awgustda gürrüň berdi.