Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Haj zyýaratyna görülýän taýýarlyklaryň arasynda 'deňsizlik' zeýrençleri eşidilýär

Türkmenistanda ýüzlerçe adam Saud Arabystanynyň Mekge we Medine şäherlerine sapar edip, haj zyýaratlaryny amala aşyrmaga taýýarlanýar, ýöne öz haj parzyny ýerine ýetirmek isleýän musulmanlaryň öňünde döredilýän şertler deň däl we raýatlaryň ala tutulmagy, dindarlaryň käbirine basyş görkzeilmegi, öňki ýyllardaky ýaly, bu ýyl hem dowam edýär diýip, ýerli çeşme habar berýär.
Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen raýatlar haj zyýaratyna döwlet uçarynda äkidilýän we getirilýän 200 çemesi adamyň dürli ýeňillikler bilen üpjün edilýändigini, emma Saud Arabystanyna öz hasabyna gidýän dindarlaryň beýle mümkinçiliginiň ýokdugyny aýtdylar.
Haja gidýänler 'döwlet' we 'hususy' toparlaryna bölünýär“Mekge-Medine şäherlerine ediljek haj zyýaratlaryna görülýän taýýarlyklar tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Döwlet goldawy bilen Haja 200-den gowrak raýatyň, hususy, öz hasaplaryna bolsa, bir müňden gowrak türkmenistanlynyň gitmegine garaşylýar” diýip, çeşme aýtdy.
Onuň sözlerine görä, umra we haj zyýaraty bilen bagly tertip-düzgünlere saud hökümetiniň girizen üýtgetmeleri, 1-nji maýdan güýje girýän düzgünler türkmen zyýaratçylaryny öz taýýarlan resminamalaryny gaýtadan taýýarlamaga, diýmek, goşmaça çykdajylary çykarmaga mejbur etdi.


Haj zyýaraty saud hökümetiniň Türkmenistan üçin bölüp beren kwotasyna laýyklykda amala aşyrylmaly we, haj parzyny berjaý etjek raýatlaryň her biri Saud Arabystanynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna baryp, degişli resminamalaryny tabşyryp, ýörite zyýarat hasabyny we wiza almaly.
Şeýle-de, geljekki zyýaratçylaryň saglyk barlaglarynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň hut özüniň golunyň we möhüriniň bolmalydygy, saglyk kepilnamasynyň saud ilçisine elin eltilip berilmelidigi aýdylýar.
Söhbetdeşlerimiz türkmenistanlylaryň oň haj zyýaratyna etraplarda we Aşgabatdaky islendik saglyk öýünde berlen saglyk kepilnamasy bilen gidip bilendigini belleýärler.
“Haj zyýaratyna döwlet goldawy bilen gidýänlere Merkezi bankyň resmi kursundan 5 müň amerikan dollaryny almak mümkinçiligi döredilýär, onuň ýany bilen Haj tölegleri, myhmanhana, 26-njy maýda Gurban haýty güni soýuljak goýun sadakasy üçin hem pul bölünip berilýär. Olar 20 günüň dowamynda ýany bilen walýutnyý kart alyp gidip, her gün döwlet kursundan goýum goýup, ýene 3 müň amerikan dollaryny çekmek üçin döwlet ýeňilliklerinden peýdalanmak mümkinçiligine eýe bolýar” diýip, ýerli çeşme aýtdy.
Aýry-aýrylykda gürleşilen dindarlaryň tassyklamagyna görä, bu hili ýeňillik diňe 200 den gowurak saýlanan raýat üçin döredilýär.
Haja gitmek üçin tanşyň bolmalymy?Haj zyýaratyna öz puluna, döwletden goldaw alman gitjek raýatlara bu ýeňillikler degişli däl, ýeňillik alýanlaryň sanawyna goşulmak üçin iň pesinden etrap häkimi, etrap MHM işgäri derejesinde ýa-da ministrliklerde işleýän tanşyň bolmaly diýip, habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen balkanly dindar aýtdy.


“Balkanda haj zyýaratyna gitmek üçin duran nobatyň 10 ýylda ýetse-de, seniň saglygyňdan bahana tapyp, deregiňe başga birini Mekge-Medine şäherlerine iberip bilýärler” diýip, söhbetdeşimiz bu ýerde ‘arkasynda dag-diregi bar adamlaryň utýandygyny’, häkimiýetleriň bu işi ‘mafia oýny ýaly bir zada öwrendigini’ belledi.
Onuň sözlerine görä, haj zyýaratyna gitmäge 15 gün galanda “generalnyý saglyk komissiýasyna girmeli we şol ýerde kimleriň saglyk barlagyndan geçjekdigi öňünden ýazylyp goýulýar”.
“Eger tut ýaly sagdyn bolsaň-da, seni negoden edip, saglyk kepilnamasyny bermän, şol ýerden yzyňa gaýtarýarlar” diýip, söhbetdeşimiz soňky 17 ýyldaky hususy tejribesine salgylanyp, tanyşsyz, arkasyz raýatlaryň ýol almaýandygyny öňe sürdi.
Balkanabatly 65 ýaşly pedagog (ady howpsuzlyk aladalary üçin aýdylmaýar), şu ýyl nobaty gelip, 29-njy aprel güni Aşgabatdaky saglyk komissiýasyndan yzyna gaýtarylandygyny we bu ýerlere çenli eden çykdajylaryna gynanmaly bolandygyny gürrüň berdi.
Haja öz puluna gidýänlere 'sahawatçylyk öwredilýär'“Haj zyýaratyna döwletden goldaw alman, gara bazar kursundan 7-8 müň dollar satyn alyp, öz hasaplaryna gitmekçi bolan raýatlaryň käbiri häkimiýet wekilleri tarapyndan çagyrylyp, pullaryny Arkadagyň haýyr-sahawat fonduna geçirmäge çagyrylýar” diýip, bir ýaşaýjy aýtdy.
Bu aýdylýanlary resmi taýdan tassykladyň ýa inkär etdirip bolmaýar.


Şu aralykda Balkandaky metjitleriň ymamlary etraplarda “Haj zyýaratyna gideniňizden, obaňyzdaky garyndaşlaryňyzyň arasynda garyp adamlar bar bolsa, şolara ýardam beriň, ýa-da Arkadagyň çagalar gaznasyna [ýardam] bermek haja zyýarat etmekden müň esse [köp] sogap bolar” diýen ýaly wagyzlaryny güýçlendirdiler diýip, habarçymyz ýazdy.
Azatlygyň habarçylary türkmen resmileri bilen habarlaşyp, raýatlaryň haj zyýaratlary meselesinde ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada resmi düşündiriş alyp bilmeýär.
Türkmenistan halkara hukuk toparlary tarapyndan din azatlygy boýunça öz üstüne alan halkara borçnamalaryny bozmakda, syýasy äheňlidigi aýdylýan jenaýatlarda aýyplanan dindarlary ýapyk gapylaryň arkasynda uzak möhletli türme tussaglygyna höküm etmekde we uzak ýyllar daşarky dünýäden üzňe saklamakda tankyt edilýär.
Maglumat üçin aýdylsa, türkmen häkimiýetleri şu ýyl hem, geçen ýyllarda bolşy ýaly, Remezan aýynda metjitlere barýan adamlaryň sanynyň köpelmegi bilen, dindarlaryň üýşmeleňlerine edilýän gözegçiligi artdyrdylar. Balkan sebitinde bolsa, sakgal goýberýänlere, hijab dakynýanlara garşy edilýän basyşlar güýçlendirildi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.



Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net