Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Jerime ýokarlanmasy ýurtdan gidýänleriň ýa-da jenaýata baş goşýanlaryň 'sanyny köpelder'

Azatlygyň çeşmeleri ýerli ilatyň esasy aladasynyň jerime bolandygyny, ol ýa-da beýleki düzgün bozmalar üçin salynýan jerimeleriň gelýän aýdan başlap ýene ýokarlanmagyna garaşylýandygyny habar berýärler. Ýaşaýjylaryň käbiri 'jerime ýokarlanmasy zähmet migrasiýasyna gidýänleriň ýa-da ýurtda galyp, jenaýata baş goşýanlaryň sanynyň artmagyna getirer" diýen pikiri öňe sürýär.
“Aýlyklar, pensiýalar, talyp haklary, çaga pullary, maýyplaryň kömek pullary ýokarlanmady, muňa derek, halkyň ugran ugrunda jerime salynýar” diýip, anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjy aýtdy.
Türkmen metbugatynyň maglumatyna görä, 1-nji maýda bellenilmedik ýerlerde, elden alma söwdanyň edilmegine ýa-da hyzmatlaryň hödürlenilmegine salynýan jerime ýokarlanýar.
322-nji madda girizilen üýtgetmelerÝatlatsak, döwlet baştutany 11-nji aprelde “Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky” kanuna gol çekdi.
322-nji madda girizilen üýtgetmelere laýyklykda, indi köçelerde, meýdanlarda, howlularda, jaýlarynyň girelgelerinde we kanunda bellenmedik beýleki ýerlerde elden alma söwdany ýa-da hyzmatlary hödürlän taraplara duýduryş berilýär ýa-da administratiw hukuk bozulmanyň gös-göni obýekti bolan närseler (harytlar) muzdsuz alynýar ýa-da alman, 50 manatdan 100 manada çenli möçberde jerime salynýar. Mundan öň bu hili düzgün bozmalar üçin 30 manatdan 50 manada çenli jerime salynýardy.


Şeýle-de, 1-nji maýdan başlap spirtli içgileriň dolanyşygy, resminamasyz ulag dolandyrmak üçin salynýan jerimeler hem üýtgeýär.
Jerimeler baradaky aladalar adamlaryň ýurtdaky durmuş, ýaşaýyş şertleri barada has açyk pikir alyşmagyna getirýär diýip, Azatlygyň bir söhbetdeşi aýtdy.
Onuň szölerine görä, ‘öňler hojalyklary neşe zaýalady, häzir her hojalykda 1 maýyp, 1 syrkaw bar, dermana pul tapmak gaýgy, pul bolmansoň hassahanada bejergi alyp bilmeýän kän, bular bolsa jerime töleglerini ýokarlandyrýar”.
"Hojalyklar onsuzam doly däl..."Aýry-aýrylykda gürleşilen raýatlaryň tassyklamagyna görä, ‘hojalyklar onsuzam doly däl, biriniň aýaly, biriniň adamsy, kimiň çagasy, eklenmek we hojalygyny goldamak üçin daşary döwletlerde, ýyllar boýy aýraçylykda ýaşaýar. Galan hojalyklar, zähmet migrasiýasyna gitmän, zordan gün-güzeran aýlaýar.
“Hojalyklardan agzybirlik we saglyk gidip, dargamagyň gyrasynda duran maşgalalar hem az däl” diýip, bir ýaşaýjy aýtdy.
Şu aralykda, Döwlet ýol gözegçilik gullugynyň işgärleriniň ol welaýatdan bu welaýata edýän iş saparlary köpelýär diýip, çeşmeler habar berýär.
“Polisiýa işgärleri sürüjileri saklap, derman gutusy, ot söndüriji, gije yşyklandyryjy üç burç bellik sorap, howpsuzlyk guşagyny dakmansyň diýip, köpçülikleýin jerime ýazmaga başladylar” diýip, bir sürüji aýtdy.
Iş sapary bilen beýleki welaýatdan gelen polisiýa işgärleriniň birnäçesiniň anonimlik şertinde düşündirmegine görä, olar öz ýaşaýan welaýatlarynda beýle köp jerime ýazyp bilmeýärler.
“Biz indi ‘bar, her günde 15 protokol ýaz’ diýseler, öz welaýatymyzda onça jerime ýazyp bilmeýäris. Sebäbi Türkmenistanda adam sany gaty azaldy, galan adamlar birek-biregi tanaýar we ýigrenji görnüp bilmän, sürüjileri saklasagam, köplenç jerime ýazman goýberýäris. Tanşymyzy ýa-da maddy ýagdaýy pes adamy saklasak, jerime ýazyp bilmeýäris. Häzir bizi 1 aýlyk welaýatlara bölýärler we indi her günde 15 protokol deregine 30 protokol ýazmaly etdiler” diýip, polisiýa işgäri aýtdy.
Onuň sözlerine görä, iş saparyna gelen polisiýa işgärlerine her gün belli bir düzgün bozma boýunça jerime ýazmagy tabşyrýarlar.


“Bir gün ‘howpsuzlyk kemerini dakmady, ertesi gün derman gutusy ýok, soňky gün wneşni wid, awtoulagyň daşky görnüşinde kemçilik (kraskanyň solan ýerleri) bar’ diýip ýazmaly bolýarys” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran ofiser iş saparyna gelen sebitinde adamlaryň bolanja gün-güzeranyny hem kynlaşdyrmaly bolýandygyny we muňa gynanýandygyny gürrüň berdi.
"Jerime özüňe ýazylsa, agyrysy ýiti bolýar"Polisiýa gözegçisi ýagdaýyň öz ýaşaýan welaýatynda hem şeýledigini, beýleki welaýatdan sapara gelen polisiýa işgärleriniň öz kakasyna şu gün 2 sapar ‘guratlyk haty ýok’ diýip jerime ýazandygyny, kakasy olara ‘meniňem oglum ýol polisiýasy bolup işleýär, häzir iş sapary bilen başga welaýatda’ diýse, gulak salman, ‘bizem iş saparynda’ diýendiklerini aýtdy.
Polisiýa ofiseriniň tassyklamagyna görä, häzir Türkmenistanda birek-birege kömek etmek, goldaw bermek düşünjesi gün-günden peselip, ýitip barýar.
“Kakama jerime ýazylandygyna gahar-gazap edip, her saklan awtoulagymyň sürüjisine jerime ýazyp, 30-dan hem aşyryp protokol ýazypdyryn” diýip, polisiýa işgäri ‘jerime özüňe ýazylanda, agyrysynyň ýiti bolýandygyny’ boýun aldy.
Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň we gazanç mümkinçiliginiň, aýlyklaryň az bolmagynyň arasynda, ýörite ygtyýarnama almazdan hususy awtoulagynda adam ýa ýük gatnadyp, ownuk söwda edip, ýa başga bir iş edip, güzeran aýlaýan adamlaryň sanynyň barha köpelýändigi aýdylýar.
Emma muňa garamazdan, ýurtdaky maglumat ýapyklygy zerarly, işi bolup, alýan aýlygy maşgala eklemäge ýetmeýän adamlaryň, şeýlelikde, işiniň daşyndan resmileşdirilmedik iş bilen meşgullanýan adamlaryň sanyny kesgitläp bolmaýar.
“1800 manat aýlyk alýaryn, bu hiç zada ýetenok. Muny hemmeler bilýär. Men daşyndan bir zat satyp, kireý edip günümi görmesem, maşgalamy nädip eklemeli?” diýip, bir ýaşaýjy özüne ‘dükanlaryň birini kireýine al, harydyňy şol ýerde sat’ diýip maslahat berendiklerini, emma satýan harydyndan aljak pulunyň her aýdaky kärendä, kireý puluna hem ýetmejekdigini, özi ýaly 'dokumentsiz telekeçiniň' bolsa sanardan kändigini gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, häkimiýetler adamlaryň ‘biz bu ýagdaýda näme etmeli?’ diýip berýän soragyna jogap bermeýär.
"Bu gidişine ýurtda jenaýata baş goşýan adamlar has köpelmesy ýagşy" diýip, ýaşaýjy aýtdy.
Azatlygyň habarçylary häkimiýet wekilleri bilen gürleşip, bu ýagdaýlar barada resmi düşündiriş alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net