Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Maryda geçirilen ýygnaklarda okuwçy gyzlaryň arasynda göwreli bolýanlaryň köpelendigi mälim edildi

Mary welaýatynyň häkimiýetleri ýurduň saglyk we bilim pudagynyň, şeýle-de polisiýa we prokuratura işgärleriniň gatnaşmagynda ýörite ýygnaklary geçirip, olarda okuwçy gyzlaryň arasynda nikasyz jynsy gatnaşykda bolup, göwreli bolýanlaryň köpelendigini aýtdylar.
Bu barada ýygnaklara gatnaşan bilim we saglyk işgärleriniň ençemesi anonimlik şertinde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi. Bu aralykda, mugallymlaryň ençemesi prokuraturanyň özlerini bu tendensiýanyň jogapkäri hökmünde aýyplaýandygyny hem aýtdy.
“Duşenbe güni welaýat häkimliginde geçirilen ýygnaklarda uly bir problemanyň bardygy aýdylyp, ýaş gyzlaryň, okuwçy gyzlaryň göwreli bolmagy bilen bagly wakalaryň köpelendigi bellendi. Häkimlik wekilleri hassahanalarda çaga dogurýan ýaşajyk mekdep okuwçylarynyň sanynyň ýyl-ýyldan artýandygyny aýtdylar” diýip, ýygnaga gatnaşan saglyk işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Onuň sözlerine görä, ýygnaklarda gyzlaryň we oglanlaryň ahlak terbiýesine üns çekildi. Lukmanlaryň we mugallymlaryň käbirleri häkimiýet wekillerini "okuwçy gyzlaryň arasynda göwreliligiň öňüni almak üçin meselä ýüzleý däl-de, içgin seretmäge, bu barada ýörite meýilnama işläp düzmäge" çagyrdylar.
Öz gezeginde, häkimiýet wekilleri meseläniň öňüni almak üçin ene-atalar bilen bilelikde işleşmegiň zerurdygy nygtadylar.
Olar bu çäräniň bir bölegi hökmünde mekdeplerde okuwçy gyzlaryň arasynda geçirilýän we häkimiýet wekilleri tarapyndan “ahlak päkligi” atlandyrylýan ginekologiýa barlaglarynyň netijeleriniň ene-atalar bilen paýlaşyljakdygyny aýtdylar.
"50-60%-niň jynsy gatnaşykda bolandygy anyklanýar"“Mekdeplerde gyzlarda barlaglar geçirilende olaryň 50-60%-niň jynsy gatnaşykda bolandygy anyklanýar. Ýöne ene-atalar bu zatlardan köplenç habarsyz bolýarlar we barlaglaryň netijeleri olar bilen paýlaşylmaýar. Ýaşlykda mekdepde goýberen ýalňyşlary üçin bagtlaryna sebäp bolmaly diyip, bu maglumatlar gizlin saklanýardy we okuwçylar gyzlar bilen diňe gürrüňdeşlik geçirilýärdi. Ýöne indi ahlak terbiýesini güýçlendirmek üçin barlaglarda gyz däldigi anyklanan okuwçylaryň ene-atalaryna barlaglaryň netijelerini aýtmagyň zerurdygy nygtaldy” diýip, ýygnaga gatnaşan bilim işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Azatlygyň bu ýygnaklar barada welaýat häkimliginden, şeýle-de sebitiň Bilim we Saglygy goraýyş müdirliklerinden telefon arkaly teswir almak boýunça eden synanyşyklary oňyn netije tapmady. Ýurduň Bilim ministrliginiň web sahypasynda hem ýygnaklar we onuň geçirilmeginiň sebäbi barada maglumat ýok.
Bellesek, Türkmenistanda soňky sekiz ýyldan gowrak wagt bäri häkimiýetler okuwçy gyzlary mejbury ginekologiýa barlagyndan geçirýärler we olaryň jynsy gatnaşykda bolandygyny ýa-da bolmandygyny anyklaýarlar. Bu çäreler ýylda bir gezek, käte-de iki gezek duýdansyz geçirilýär. Şeýle barlaglaryň nobatdaky gezek geçirilýändigi barada Azatlygyň habarçylary şu aýyň başynda maglumat berdiler.
Türkmen häkimiýetleri barlaglar we olaryň sebäpleri barada aç-açan maglumat bermeýärler. Bu barada Bilim ministrliginiň web sahypasynda hem maglumat göze ilmeýär.
"Mekdepleriň her birinde her ýyl 5-6 gyz göwreli bolýar"Ýöne bilim we saglyk işgärleriniň ençemesi Azatlyga berýän maglumatlarynda bularyň gyzlaryň arasynda göwrelilik hadysalarynyň we ykdysady ýagdaýy pes maşgalalarda ýetginjek gyzlaryň ten satmaga meýil etmegi ýaly wakalaryň köpelmegi bilen baglanyşyklydygyny aýdyp gelýär.
“Hakykatdan-da bu mesele gaty uly. Mekdepleriň her birinde her ýyl 5-6 gyz göwreli bolýar. Göwrelidigini gizläp, abort etdirýän gyzlaryň sany ondan hem kän. Mekdepde 9-njy we 10-njy klaslarda okap ýören gyzlaryň arasynda göwreli bolýanlary, ulurak ýaşly oglanlara gaçyp barýanlary gaty kän. Gynansak-da, öz barly klasdaşlaryndan pes bolmajak bolup tenlerini satyp, gazanç edýän gyzjagazlar hem juda köpelýär. 2009-2010-njy ýyllarda doglan gyzjagazlar özlerinden 20-25 ýaş uly erkek adamlar bilen jynsy gatnaşykda bolýarlar. Beýle wakalar gaty kän. Olaryň arasynda göwreli bolup, göwreliligini togtadýan tabletka içip, hassahana düşýänleriniň sany hem az däl” diýip, maryly bilim işgäri aýtdy.
Mugallymlaryň ençemesi prokuraturanyň özlerini bu tendensiýanyň jogapkäri hökmünde aýyplaýandygyny hem aýdýar.
Olaryň sözlerine görä, nikasyz jynsy gatnaşykda bolup, göwreli bolýan ýa-da çaga dogurýan okuwçy gyzlaryň mugallymlary prokuratura tarapyndan birnäçe günläp soraga çekilýär.
"Ýaşlara intim gatnaşyklar barada ýeterlik bilim berilmeýär"“Mugallymlar birnäçe günläp prokuratura gatnap, onuň gapysynda oturmaly bolýarlar. Prokuratura işgärleri mugallymlary günäli çykarýarlar. ‘Siz işiňizi doly we dogry ýerine ýetireniňizde okuwçylar beýle güne düşmezdi’ diýýärler” diýip, ýakynda soraga çekilen mugallymlaryň biri anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Şol bir wagtda, mugallymlar bu tendensiýanyň esasy jogapkäri hökmünde hökümeti aýyplaýarlar. Olar mekdeplerde ýaşlara jynsy gatnaşyklar barada ýeterlik bilim berilmezliginiň bu tendensiýanyň esasy sebäpleriniň biridigini aýdýarlar.
“Mundan başga-da, ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň arasynda, müňlerçe raýat çagalaryny goýup, gazanç gözleginde daşary ýurda gitmeli boldy, bu bolsa köp çaganyň ene-ata terbiýesini görmän ulalmagyna getirdi. Bularyň arasynda, eli ýuka hojalyklaryň güzeran eklenji hem barha ýaramazlaşýar. Bu bolsa, şol hojalyklardaky ýaş gyzlaryň arasynda eklenç gözleginde ýa-da has gowy durmuş arzuwynda ten söwdasyna meýil edýänleriň köpelmegine hem getirdi” diýip, mugallym belledi.
Türkmenistanyň häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri bu ýagdaýlar we olaryň sebäpleri barada mesele gozgap, aç-açan habar bermeýärler.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net