ABŞ Eýran gämisine ot açdy we ony ele geçirdi, ýaraşygyň we parahatçylyk gepleşikleriniň ykbaly nämälim
Prezident Donald Tramp we Pentagon 19-njy aprelde ABŞ güýçleriniň Oman aýlagynda Birleşen Ştatlaryň deňiz gabawyndan aýlanyp geçmäge synanyşan Eýran baýdakly gämini ele geçirendigini aýtdylar, Eýranyň harby serkerdeligi gahar bilen ar almak haýbatyny atdy.
Şu aralykda, Eýranyň döwlet metbugaty Tähranyň 20-nji aprelde geçiriljek duşuşyga öz toparyny ibermejekdigini aýtmagy bilen, Pakistan beýemçiliginde ABŞ we Eýran wekilleriniň arasynda Yslamabatda geçiriljek ýüzbe-ýüz gepleşikleriň ikinji tapgyrynyň geçirilip-geçirilmejegi näbelli bolmagynda galýar.
Bularyň hemmesi Waşington bilen Tähranyň ylalaşan 10 günlük ýaraşyk şertnamasynyň möhletiniň 22-nji aprelde tamamlanmagynyň öň ýanynda we Trampyň Eýranyň "her bir" elektrik stansiýasyna we köprüsine ediljek täze hüjümler bilen haýbat atýan wagtynda bolýar.
Eýranyň resmi IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Tramp öz wekilleriniň 20-nji aprelde Pakistanyň araçylygynda geçirilýän gepleşiklere gatnaşmak üçin Yslamabada geljekdigini aýdanyndan birnäçe sagat soň, Tähran parahatçylyk gepleşikleriniň täze tapgyrynyň geçiriljekdigini ret etdi.
“Eýran gepleşikleriň ikinji tapgyryna gatnaşmazlygynyň Waşingtonyň artykmaç talaplaryndan, real däl garaşmalaryndan, pozisiýany yzygiderli üýtgemeginden, gaýtalanýan gapma-garşylyklardan we dowam edýän deňiz gabawyndan gelip çykýandygyny hem-de bulary ýaraşyk şertnamasynyň bozulmagy hasaplaýandygyny aýtdy” diýip, IRNA ýazdy.
Eýran hökümeti tarapyndan resmi beýanat çap edilmedi.
Tähranyň baş gepleşikçisi, parlamentiň başlygy Mohammad Baker Kalibaf gepleşikler barada hem "ilerlemeler", hem-de saklanyp galýan "uly tapawutlar" barada beýanat etdi, ýöne 20-nji aprel senesi barada gönüden-göni beýanat etmedi.
Nämälimlik ABŞ wekiliýetiniň düzümini hem öz içine aldy. Ak Tam wise-prezident J.D. Wensiň gepleşikleriň täze tapgyryna Trampyň wekili Stiw Witkoff we giýewisi Jared Kuşner bilen bilelikde ýolbaşçylyk etjekdigini aýtdy.
Emma muňa garamazdan, howpsuzlyk aladalaryna salgylanyp, Tramp ABC News we MS Now teleýaýlymlaryna Wensiň Pakistana gitmejekdigini aýtdy.
"Bu diňe howpsuzlyk sebäpli" diýip, Tramp ABC News-a aýtdy. "JD ajaýyp." Şeýle-de, ol gepleşikleriň bir gün soň, 21-nji aprelde başlanyp biljekdigini aýtdy.
“Fox News” neşiriniňhabarçysy Trampyň özüne Eýran ylalaşyga gol çekmese, "bütin ýurt partladylar" diýendigini aýtdy.