Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Tejen derýasynda suw ýok, sebit ýaşaýjylary uly alada galdy

Tejendäki çeşmelerimiz şu ýyl ekilen ekinleriň, şol sanda bugdaý, gowaça, gök, bakja ekinleri ekilen meýdanlaryň bir gezem ýap suwuny içmändigini, bergili çykmakdan gorkýan daýhanlaryň potrat ýerlerini taşlaýandygyny habar berýärler. Synçylar hökümetiň ýüzüni Garagum derýasyna tarap öwrüp, gömlen kanaly gazmagy mundan aňryk gijikdirmeli däldigini, bütin sebitiň ilatynyň kyn synag bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny öňe sürýärler
“Ýaplarda suw ýok, bagtymyza ýagyş ýagyp, boldugyna görä, ekinlerimiz näme-de bolsa suw içdi” diýip, habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen daýhan oba adamlarynyň suw ýagdaýy barada oturan-turan ýerlerinde gürrüň edýändiklerini aýtdy.
Ýaşaýjy wideo çap edip, ýurtdaky suw aladalaryna ünsi çekdiBu aýdylýanlary golaýda TikTokda paýlaşylan bir wideo hem tassyklaýar. Wideony paýlaşan ýaşaýjy “Ine, şu görýäniňiz Tejen derýasynyň 1-nji gatlasy” diýip, derýanyň gurap galan hanasyny görkezýär we ‘görşüňiz ýaly, suw akanok” diýýär.
Soňra ol Tejen derýasynyň Birinji suw howdany diýilýän ýeri, gatlalary görkezýär, ozal dolup suw akan ýerleriň indi gurap galandygyna ünsi çekýär.


1950-nji ýylda gurlan suw desgasynyň ýanynda düşürilen wideonyň ýüzünde “Tejen derýa, 1-nji gatla. Sarahs, Gaňňaly. Aprel/2026” diýlen ýazgy goýlupdyr.
Türkmen metbugaty, berk döwlet senzurasy sebäpli, ýurtdaky suw aladalary, tebigy hadysalar, gurakçylyk ýa suw joşgunlary barada adatça öz wagtynda maglumat bermekden saklanýar.
Azatlygyň habarçylary, ýerli hünärmenler we daýhanlar ýurtdaky suw aladalary barada uzak wagt bäri habar berýärler.
Ahal welaýatynyň Tejen, Sarahs etraplarynyň kärendeçileri bilen gürleşen habarçymyz oba adamlarynyň emele gelen ýagdaýdan ‘gaty biynjalyk’ bolýandyklaryny, ýöne hökümetden ‘netijeli çözgüde garaşmaýandyklaryny’ belledi.
Daýhanlardan pul ýygnaldy, ýaplar gazylmadyBirnäçe kärendeçiniň tassyklamagyna görä, mart aýynyň başynda daýhanlardan ýaplarda geçiriljek gazyş işleri üçin pul ýygnalypdyr.
“Her potratçynyň 200 manat bermegini talap etdiler. Emma doly gazman, ekskowatorçy ilki başda ýaplaryň 100-150 metr çemesi ýerini gazyp, ‘tehnika hatardan çykdy’ diýip bir durdy, soň dizel ýangyjym, ‘salýarkam ýok’ diýip iki durdy. Ýöne kim goşmaça pul berse, ýagny kireýini berse welin işledi” diýip, bir daýhan aýtdy.
Onuň sözlerine görä, öňünden pul ýygnalan hem bolsa, ekskowatorçy olaryň ýaplaryny doly gazyp bermändir we aprel aýynyň başynda başga ýere geçirilipdir.
Nägile bolan bolan daýhanlar 200 manatdan pul ýygnap berdik, emma biziň potradymyzyň ýanyndan geçýän ýap gazylmady diýip, häkimlige arz edýärler.
“Ýaplar doly gazylmady, indi bize suw ýok diýip barsak, ‘öz potradyňyzyň golaýynda ýap gazyp başlanyny görüp, sizem pul beren bolsaňyz, beýle kyn güne düşmezdiňiz’ diýen jogaby eşitdik. Potratçylar her ýyl bergili çykýar. Şu sebäpden häzir potrat ýerlerini taşlaýan adamlaryň sany köpelýär” diýip, kärendeçi häkimiýetleriň adamlary has kyn güne düşmek ähtimallygy bilen gorkuzýandyklaryny hem öňe sürdi.
Onuň tassyklamagyna görä, arçynlar kärende ýerini taşlajakdygyny aýdan daýhanlara atlarynyň şertnamadan aýrylmajakdygyny aýdýar.
Ýerini taşlajaklara 'haýbat atylýar'“Eger-de ýer biziň adymyzda galsa, şertnama resmi ýagdaýda bozulyp, ondan çykmasak, biz ýene bergili çykarys” diýip, söhbetdeşimiz bu ýagdaýyň köp adamy gaty uly alada goýandygyny gürrüň berdi.
Potratçylar öz aralarynda ‘potradyna seretmän, döwlet baýlygyna biparh garady, geleňsizlik etdi’ diýip, bizi jogapkärçilige hem çekip bilerler diýip gürrüň edýärler, ‘adamlar iki oduň arasynda galana döndi’ diýip, ýerli hünärmen aýtdy.


Türkmen häkimiýetleri ýylyň-ýylyna ýurtda daýhanlar üçin zerur bolan ähli şertiň döredilýändigini aýdýarlar. Emma daýhanlar suw, dökün tehnika meseleleriniň çözülmeýändigini, bergili ýa-da hutma-hut çykýan daýhanlaryň öz ýetişdiren bugdaýyndan ogurlap, 2 halta uny, kepegi hem ‘aw hasaplamagynyň' adaty zada öwrülendigini gürrüň berýärler.
Ozalky suw gurluşykçy inžener, häzir Awstiýada ýaşaýan Nurmuhammet Hanamow Tejen derýasynyň suwunyň ýurduň oba hojalygynyň ösdürilmeginde, iş orunlarynyň köpelmeginde ozal ‘ägirt uly rol oýnandygyny’ aýtdy.
Onuň sözlerine görä, 1950-nji, 60-njy ýyllar aralygynda gurlan suw howdanlary ozal bahar aýlary joşýan derýanyň ummasyz köp ýeri, şol sanda Tejen şäherini hem basýan bol suwunyň ýygnalyp, soň derýanyň ýyl boýy suwly bolmagyny, ekerançylyk ýaplarynyň suwdan dolup akmagyny üpjün etdi.
Garagum kanalynyň gömülmegi Tejen derýasyna 'zarba urýar'Garagum kananalynyň gurulmagy we onuň suwunyň 1960-njy ýyllaryň ortalarynda Tejene gelmegi bilen, Hanamowyň sözlerine görä, Eýran tarapynda uly bent guruldy we, sowet ýolbaşçylarynyň goňşy ýurda suw kömegini etmek barada gelen karary Tejen, Saragt sebitlerini suw bilen üpjün eden derýanyň serhetden aňyrdan gelýän suwunyň düýpli azalmagyna sebäp boldy
Ýöne, Garagum kanalynyň bir şahasynyň Tejen derýasyna seplenmegi bilen, ummasyz köp ýere gowaça ekilse-de, sebitde suw meselesi kän duýulmady.
Hanamowyň tassyklamagyna görä, türkmen häkimiýetleri soňky otuz ýylda ne Garagum kanalyna, ne-de öň ummasyz serişde harçlanyp gurlan howdanlara ideg etdi.
"Indi Garagum derýasy diýlip atlandyrylýan, öň içinde gämiler ýüzen, onlarça kanal gazyjy işlän kanalyň hem 'köp ýeri dyzyňy çermäp geçip bolýan akaba öwrüldi' diýen habarlary alýarys" diýip, Hanamow aýtdy.


Ozalky suw gurluşyk inženeri çykalgany Garagum kanalynyň hemme ýeriniň gazylyp, düýpli ideg astyna alynmagynda görýär.
"Köp ýeri gömlen kanal indi gelýän suwlary geçirip bilmeýär, köp suw ýolda ýitirilýär we hökümet ýüzüni basymrak kanala tarap öwürmeli, gerekli serişdeleri goýberip, köp adamy häzir kanal gazmak işinde, soň oba hojalygynda iş bilen üpjün etmeli" diýip, ol sözüni jemledi.
Ahaldaky habarçymyz bilen gürleşen adamlar Tejen derýasynyň diňe ekerançylyk ýerleriniň däl, eýsem ýerli ilatyň, geňeşlikleriň, daýhan birleşikleriniň mallarynyň hem esasy suw çeşmesi bolup durýandygyny, bu suwy ýitirmegiň sebitdäki abadançylygy, ýaşaýyş şertlerini ýitirmek boljakdygyny aýtdylar.
Habarçymyz häkimiýetler bilen gürleşip, ýurtda ýitileşýän suw meselesi barada resmi düşündiriş alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Загрузка...

Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net