Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Daşary ýurtlardan barýan türkmenistanlylar COVID-19 synagyndan geçmek talabyndan nägile bolýarlar

Türkmenistan dünýäde koronawirus pandemiýasy döwründe ulanylyp, 2023-nji ýylyň maýynda global derejede ýatyrylan PCR testlerini geçirmegini dowam etdirýär. Daşary ýurtlardan Türkmenistana barýan ýolagçylar serhetden geçende COVID-19 testinden geçip, töleg etmäge mejbur bolýar.

Aşgabat halkara howa menziline gelip düşýän ýolagçylar öňküsi ýaly aýratyn nokatlara ugradylyp, koronawirus üçin PCR synagyndan geçmäge mejbur edilýär diýip, Azatlygyň ýurt içindäki birnäçe çeşmesi 13-nji aprelde habar berdi. Emma olaryň sözlerine görä, bu synaglaryň netijeleri ýolagçylara berilmeýär we olar barlaglary geçirmek düzgünlerine we näme maksat üçin geçirilýändigine düşünmeýärler.

“Uçardan düşen badyňa hemmeleri bir ýere üýşürýärler. 100 manat töleýärsiň, burnuňdan nusga alýarlar, ýöne soň hiç zat ýok. Ne kagyz berýärler, ne-de soňra habar berýärler. Şol ýerde özüňi synagdan geçmek üçin däl-de, diňe pul tölemek üçin baran adam ýaly duýýarsyň” diýip, golaýda ýurduň daşyndan baran ýolagçy ýagdaý barada gürrüň berdi.

Käbir ýolagçylar synagdan geçmegiň formal häsiýete eýedigini aýdýarlar. Olaryň sözlerine görä, serhet gözegçiliginde ýa-da beýleki resmiler tarapyndan PCR netijeleri asla soralmaýar.

Pandemiýa döwründe COVID-19 wirusynyň öz giňişliginde bolmandygyny öňe süren Türkmenistan test almak çäresini şu güne çenli saklap galdy. Daşary ýurtlardan barýan ýolagçylardan keseli anyklamak boýunça testler aeroportlardan başga, ýurduň guryýer serhetlerinde hem alynýar.

Soňky üç ýylda bu tölegli testleriň bahasy hem esli ýokarlandy. Başda 62 manada duran test soň 100 manat boldy, ýagny resmi kurs boýunça 28,5 amerikan dollaryna barabar.

“Dollar bilen gelen bolsaň, saňa saýlamaga mümkinçilik goýmaýarlar. Resmi kurs bilen çalyşdyrýarlar. Bu bolsa adama uly çykdajy bolýar” diýip, ýolagçy aýdýar.

Ýolagçylarda nagt manady bolmadyk ýagdaýynda olar daşary ýurt walýutasyny resmi kurs boýunça çalyşmaga mejbur bolýar.

Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan çeşmeleriň sözlerine görä, käbir ýolagçylar synagdan geçmän howa menzilinden göni çykyp gidýärler.

“Kimdir biri töleýär, kimdir biri hiç zat etmän geçip gidýär. Şeýle ýagdaýda bu synagyň manysy näme? Onda bu ýerde saglyk däl-de, başga näme göz öňünde tutulýar” diýip, ýene bir ýolagçy bu ýagdaýyň özünde sorag döreýändigini aýtdy.

'Testler barlanman zibile taşlanýar'Soňky günlerde Türkmenistana baran birnäçe çeşme özlerinden alnan nusgalaryň barlanman, göni zibile taşlanandygyny gürrüň berdiler.

“Birnäçe adamdan nusga aldylar, soň şol gaplary zibile taşladylar. Muny görenleriň arasynda gaharlanan boldy. Käbirleri hatda ‘bu näme masgaraçylyk?’ diýip nobatdan çykyp gitdi” diýip, türkmenistanly gürrüň berdi.

Türkmenistanda koronawirus testlerinden başga-da, jemgyýetçilik ýerlerinde maska dakynmak talaby hem wagtal-wagtal güýçlenýär.

Geçen ýylyň başynda Lebap welaýatynyň keselhanalarynda we köpçüligiň köp barýan beýleki edara jaýlarynda maska dakynmak talaby girizildi. Munuň sebäbi barada ilata resmi düşündiriş berilmedi, emma Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan türkmenabatly lukmanlar munuň dümew alamatly keselleriň öňüni almak üçin gönükdirilendigini aýtdylar.

Pandemiýa döwründe we ondan soň Türkmenistanda COVID-19 keseliniň ýekeje-de ýagdaýy resmi hasaba alynmady. Emma Azatlygyň çeşmeleri ýurtda koronawirusyň pidalarynyň sanynyň ýöredilendigini anykladylar. 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda Azatlygyň ýurduň saglygy saklaýyş ulgamyndaky ynamdar çeşmesi ýurtda koronawirusdan heläk bolan 25 000-den gowrak adamyň hasaba alnandygyny, emma bu maglumatyň köpçülige mälim edilmändigini habar berdi. Bu maglumatlar türkmen hökümeti tarapyndan resmi derejede ne tassyklandy, ne-de inkär edildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.



Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net