Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Türkmenistanda pensiýany almak ýene kynlaşdy, bank kartlaryny täzelemek talap edildi

Pensiýa we kömek pullaryny alýan raýatlardan bank kartlaryny täzeleme talap edilýär. 1-nji oktýabrdan girizilen bu talap ujypsyz pula garaşly raýatlar üçin goşmaça kynçylyk döretdi we indiki aýyň pensiýasyny alyp bilmegini sorag astyna goýdy.

Plastik kartlaryny çalyşmak talaby 1-nji oktýabrdan bäri edilýär. Pensionerlere we döwletde kömek puluny alýan raýatlara mundan beýläk köne kartlaryna pul geçirilmejegi duýduryldy diýip, balkanly çeşmeler habar berdi.

"Pensiýa gaznasyna degişli plastik kartlary täze almaly. Plastik kartlary täze almak üçin 100 manat töweregi çykdaýjysy bolup, bu plastik kartlary çalyşmadyklaryň pensiýalary köne plastik kartlaryna geçirilip berilmez" diýip, düzgünden habarly çeşme aýtdy.

Balkanly pensionerler bu talapdan nägile bolup, goşmaça çykdajynyň özlerine maddy agram salýandygy we wagty, güýji talap edýändigini aýdýarlar. 100 manat pensionerleriň käbiriniň pensiýasynyň dörtden bir bölegini, beýlekileriň tas ýarysyny emele getirýär.

"Goşmaçy çykdaýjy edýän we wagtyňy alýan täze talabyň hiç bir maksady ýok, diňe boşan gaznany doldurmakdan, garrylaryň hem-de maýyplaryň pensiýa haklaryny bermän 2 aýlap saklamakdan başga zat däldigine ynanýaryn" diýip, 70 ýaşly balkanly pensioner geçen aýlarda hem pensiýalarynyň gijikdirilip, berlendigini gürrüň berdi.

"Geçen aý döwlet pensiýalary gijikdirip, 'pul ýok' bahanasy bilen bizi bir aý aldady. Bu aý bolsa, bize adam ugradyp, ýörite Pensiýa gaznasynyň plastik kartyna geçmelidigimiz hakda duýdurdy" diýip, pensioner aýdýar.

Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan balkanlylaryň sözlerine görä, täze bank kartyny "Halk Bankynyň" şahamçasynda almaly, bu ýerde resminamalary tabşyrmak üçin baran adamlaryň sany örän köp bolup, nobatlar 3 güne çekýär.

Pensiýa gaznasyndaky ýagdaýdan habarly çeşme aýlyk haklarynyň we pensiýalaryň geçirilmegi üçin ulanylýan plastik kartlarynyň döwlet ýolbaşçylaryna ýakyn kärhana tarapyndan öndürilýändigini aýdyp, kartlary täzelemek işini kärhananyň girdejilerini artdyrmak maksady bilen düşündirýär.

Azatlyk Radiosy raýatlardan pensiýalar we kömek pullary üçin kartlary täzelemek talabynyň sebäplerini Balkan welaýatynyň pensiýa gaznasynyň wekillerinden resmi görnüşde anyklap bilmedi.

Şu tomus pensionerleriň pensiýa haklary birnäçe aýlap gijikdirilip berildi. Şonda munuň sebäbi lebaply pensionerlere dokumentlerde olaryň atlarynda goýberilen "ýalňyşlyk" bilen düşündirilen bolsa, Balkanda pensiýalaryň wagtynda berilmezligi ýaşulylaryň özleriniň diridigini wagtynda subut etmändigi aýdyldy. Käbir ýerlerde pensionerlere nagt puluň ýetmezçiligi edýändigi aýdyldy.

Raýatlaryň pensiýalarynyň, kömek pullarynyň gijikdirilýän wagtynda ilatyň aýlyk jemagat töleglerini wagtynda geçirmegine berk gözegçilik edýilýär. Tölegleri gijikdiren raýatar dessine jezalandyryllýar, olaryň işi suda berilýär, jerime salynýar.

Türkmen hökümeti ilatyň gartaşan gatlagynyň problemalaryny resmi derejede düýpden agzamaýar. Resmi habarlarda pensionerlere degişli berilýän seýrek maglumatlarda pensiýalaryň her ýyl 10% ýokarlanýandygy aýdylýar.

Emma türkmenistanlylar pensiýalaryň ösüşini duýmaýandygyny, sebäbi bahalaryň has uly depginde ýokarlanýandygyny belleýärler. Pensionerleriň köpüsi garyplyk derejesinde ýaşaýar, olar pensiýasyna ýa azyk, ýa-da derman satyn almaly bolýandygyny gürrüň berýärler.

Türkmen mediasyna görä, ýurtda 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, pensiýanyň iň pes mukdaryny kesgitlemek üçin 550 manat, resmi kurs boýunça 157 amerikan dollary möçberdäki sanlar ulanylýar. Emma iş ýüzünde resmi taýdan minimal diýlip kesgitlenen pensiýanyň hatda bu ujypsyz mukdaryny alyp bilmeýän pensionerleriň sany örän köp.

Azatlyk bilen gürleşen türkmenistanly pensionerleriň käbiri pensiýasynyň aýda 220 manatdan geçmeýändigini gürrüň berdiler. Bu resmi kurs boýunça 62,8 amerikan dollaryndan, gara bazaryň kursy boýunça 11 dollardan geçmeýär.

Nebit-gaza baý ýurduň öz ýaşulularyna berýän pensiýasy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arsynda iň pes hasaplanýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


Загрузка...

Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net