Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Nas söwdasyna garşy 'barlyşyksyz göreş' batlanýar, naskeşler we nas söwdagärleri nyşana alynýar

2025-nji ýyla çenli temmäki önümlerinden saplanmagy meýilleşdiren Türkmenistanda nas söwdasyna garşy göreş batlanýar. Şu günler häkimiýetler Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda nas söwdagärlerini we nas atýan adamlary nyşana alýar.

“Ahal welaýatynda nas söwdasyna garşy reýdler geçirilýär. Tejen etrabynda ençeme nas söwdagäri tussag edildi” diýip, ýagdaýdan habarly çeşmeler 27-nji awgustda Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Bikanun nas söwdasynda güman edilip tussag edilen ýerli ýaşaýjylaryň arasynda 3-4 gün bäri tussaglykda saklanýan adamlar bar. Şeýle-de, çeşmelere mälim bolan maglumatlara görä, olaryň arasynda häkimiýetlere uly möçberlerde para berip, tussaglykdan halas bolan söwdagärler hem bar.

Temmäkisiz Türkmenistan şygary astynda saglyk maksatnamalary durmuşa geçirilen ýurtda köp ýyllyklaryň dowamynda temmäki önümleri çäklendirilip, hususan-da, çilimiň söwdasy gysyldy, bahalar gymmatlady. Bu ýagdaý ýerli ýaşaýjylara görä, ilat arasynda nas önümleriniň meşhurlygynyň artmagyna alyp geldi.

Nas atýan adamlar 'köpelýär'Ýagdaýdan habarly çeşmeler şu günler hatda hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň arasynda, döwlet gullukçylarynyň, hatda prokuratura işgärleriniň arasynda hem nas atýan adamlaryň köpelendigini aýdýarlar.

“Bäş ýyl öňki ýagdaýlar bilen deňeşdirilende, häzirki wagtda ýurtda çilim çekýän adam tas galmady diýseňem boljak. Öňler günde 1-2 guty çilim çekýän adamlar ýa nas atmaga başlady, ýa mahorka geçdi, ýa-da daşary ýurtlara göçdüler” diýip, temmäki önümleriniň söwdasyndan habarly bir ahally ýaşaýjy aýdýar.

Türkmenistanda on ýyla golaý wagt mundan ozal temmäki önümleriniň söwdasy resmi görnüşde berk çäklendirilip başlandy. Temmäki önümlerini getirmäge we satmaga degişli ähli ygtyýarlyklar Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine berildi.

Aradan geçen wagtyň dowamynda çilim söwdasy barha gysylyp, oňa degişli gümrük paçlary we beýleki tölegler yzygiderli görnüşde ýokarlandyryldy.

Bu ýagdaý, ýerli ýaşaýjylara görä, ilat arasynda nasa bolan talaplary güýçlendirdi.

“Häzir polisiýa işgärleri bazarlarda we köpçülik ýerlerinde nobatçylyk çekýär. Jemgyýetçilik ýerlerinde nas atýan adamlar polisiýa bölümine alnyp gidilýär” diýip, tejenli birnäçe ýaşaýjy aýdýar.

Häkimiýetler jemgyýetçilik ýerlerinde nas atyp tutulan adamlardan temmäki önümini nirelerden satyn alandyklaryny anyklaýarlar.

Galyberse-de, ýerli çeşmeler günorta sebitde temmäki ösdürip ýetişdirýän hojalyklaryň hem anyklanýandygyny, olaryň hem häkimiýetler tarapyndan nyşana alynýandygyny aýdýarlar.

Tussag edilenleriň ykbalyÝöne bar bolan maglumatlara görä, nas söwdasynda güman edilip, ele salnan adamlaryň arasynda uly möçberlerde para berip, jogapkärçilige çekilmekden halas bolýan adamlaram bar.

“Meniň ýanymdan 60 kilograma golaý nas çykdy” diýip, özüniň ýaňy-ýakynda gysga möhletli tussaglykdan boşandygyny aýdýan bir tejenli ýaşaýjy gürrüň berýär.

“Men bir tanşyma çykyp, onuň tanşynyň üsti bilen häkimiýetlere 100 müň manat möçberinde para berdim. Şeýdip, halas bolmagy başardym. Ýöne häzirlikçe nas söwdasyndan daşda dur diýdiler,ýagdaýlar ýatyşsa özümiz habar ederis, onsoň ýene başlaberersiň diýdiler” diýip, çeşmeler golaýda gysga möhletli gabawlykdan çykmagy başaran tejenli nas söwdagärini sitirleýärler.

“Ele salnan käbir nas söwdagärlerinden 10 müň dollara çenli para soraýarlar” diýip, çeşmeler aýdýar we bu ýagdaýa olaryň tanyş tapyp bilmezliginiň sebäp bolýandygyny aýdýarlar.

Günorta sebitde temmäki önümlerine garşy güýçlendirilen göreş gündogar Lebap welaýatynyň nas bazarynda içerki göreşiň batlanýan pursatlaryna gabat gelýär.

Reýdleriň 'mümkin bolan sebäpleri'Ýatlasak, geçen hepdäniň dowamynda Azatlyk Radiosynyň habarçylar Türkmenistanda söwdasy gadagan edilen nasyň gara bazarlaryndaky hereketleriň güýçlenýändigini habar berdiler.

Şonda Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde, aýry-aýrylykda gürleşen birnäçe çeşme iýul aýyndan bäri polisiýanyň ýurduň dürli ýerlerinde nas söwdagärlerine garşy giň gerimli reýdleri geçirýändigini gürrüň berdiler.

Nas we temmäki önümlerini sarp edýän birnäçe tejenli ýaşaýjynyň sözlerine görä, ýurtda nas söwdasyna garşy soňky wagtlarda giň gerimde ýaýbaňlandyrylan göreş häkimiýetleriň çilim söwdasyny gaýtadan dikeltmek synanyşygy bilen ilteşdirilýär.

“Häzir nas söwdasyny gyssak çilim söwdasynyň öňüni açarys diýip, pikir edýärler. Ol ýalňyş. Adamlar çilim gymmatçylygyndan soň, nasa geçdiler. Indi, bular nasy gysyp, çilim söwdasyny açarys öýdýärler” diýip, tejenli ýaşaýjy aýtdy.

Türkmenistanda 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda çilim we beýleki temmäki önümlerine salynýan goşmaça gümrük tölegleri 93 göterimden 116 göterime ýokarlandyryldy.

Şondan bir ýyl soň, degişli sanlar 116 göterimden 145 göterime çenli artdyryldy.

Ýöne ýerli ýaşaýjylaryň arasynda nas söwdasynyň gysylmagynyň mümkin bolan sebäplerini başga ýagdaýlar bilen baglanyşdyrýan adamlaram bar.

“Bular kiçi nas söwdagärlerini gysyp, iri söwdagärleriň öňüni açmakçy bolýar” diýip, beýleki bir tejenli ýaşaýjy pikir ýöretdi.

Her niçik-de bolsa, ýerli häkimiýetler özleriniň gaýtadan bat berýän çäreleri boýunça beýanat bermeýärler. Şeýle çäreler döwlet telewideniýesinde köplenç ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berjaý edilmegi hökmünde düşündirilýär.

Nas atmak endigi Merkezi Aziýa ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda köplenç erkekleriň arasynda giň ýaýran endik bolup, nas köplenç haltajyklarda satylýar.

Mundan ozal, şu ýylyň fewral aýynda ýurduň demirgazyk Daşoguz welaýatynda nas söwdagärlerine garşy göreşiň güýçlenendigi mälim bolupdy.

Halkara neşirler temmäkisiz Türkmenistan barada"Tobacco Reporter" neşiriniň hasabatyna görä, Türkmenistan 2025-nji ýylyň ahyryna çenli ýurdy temmäkiden doly saplamagy göz öňünde tutýar we şeýle tagallalaryň çäklerinde çilim çekip, häkimiýetler tarapyndan saklanan adamlara 200 manada çenli jerime tölegleri töledilýär.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň sanlaryna görä, Türkmenistanda ilatyň %4 göterimi çilim çekýär.

AFP neşiri 20-nji awgustda Türkmenistanda bir guty çilimiň bahasynyň 50-170 manat aralygynda üýtgeýändigini we bu nyrhyň ýurtdaky ortaça aýlygyň 11 göterimine barabar bolandygyny habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär



Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net