Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Balkanda dollaryň gara bazarynda iki kurs emele geldi, aşa köne banknotlaryň satyn alynmagy bes edildi

Balkanda walýutanyň gara bazarynda dollaryň iki kursy emele geldi. Muňa laýyklykda, banknotlaryň ulanyşa goýberlen ýylyna görä dollaryň kursy kesgitlenip, olaryň täzesi gymmat, könesi has arzan nyrhdan satyn alynýar. Aşa köne banknotlar bolsa, tas asla satyn alynmaýar.


Dollaryň dolanyşygy bilen bagly bu täze ýagdaýlar, köp raýaty çykgynsyz güne salýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 28-nji ýanwarda sebitden maglumat berdi.


“Şu günler gara bazar söwdagärleri ortasyndan gök reňkde lenta şekili geçýän 100 dollar banknotlary 19 man 80 teňňeden satyn alýarlar. Lentasyz, ak reňkli, ýyly köne 100 dollar banknotlary 18 manatdan satyn alýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.


Türkmenistanyň Merkezi banky 2015-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri ABŞ dollarynyň resmi alyş-çalyş bahasyny 3,5 manat hökmünde kesgitläp gelýär, ýöne gara bazarda dollaryň bahasy resmi kursdan 5-6 esse çemesi ýokary bolmagynda galýar.




Balkanda ulanyşa goýberlen ýyly has köne 1, 2, 5 we 20 dollar banknotlary has-da arzan kursdan satyn alynýar. Mundan 20 ýyl gowrak ozal ulanyşa goýberlen ownuk banknotlar bolsa, tas asla satyn alynmaýar.


“Söwdagärler köneräk banknotlary Eýrana, Özbegistana alyp gidip, täze banknotlara çalşyp gelýärler. Ýyly has-da köne bolan käbir 20 we 50 dollar banknotlar asla satyn alynmaýar. Söwdagärler aşa köne banknotlary satyn almagy bes edendiklerini aýdýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly ýene bir balkanly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.


Bu görnüşli banknotlara eýe bolan ýaşaýjylaryň köpüsi daşary ýurtlara gidýän raýatlara haýyş edip, ellerinde bar bolan dollarlaryny şol ýerde täzesine çalyşdyrmaga synanyşýar.


“Ýöne bu ýaşaýjylar hem dollarlary arzan nyrhdan satyp, zyýan çekmeli bolýarlar. Käbir adamlar 5 müň dollaryny 3,5-4 müň dollar bahasynda satmaga mejbur bolýarlar” diýip, balkanly ýaşaýjy belledi.


Söwdagärler walýutanyň gara bazar söwdasynda emele gelen bu çäklendirmeleriň sebäbi barada jikme-jik maglumat bermezden, “köne banknotlary özleriniň hem satyp bilmejekdigini” aýdýarlar.


Ýaşaýjylaryň ençemesi gara bazar söwdagärleriniň hökümete ýakyn adamlar tarapyndan dolandyrylýandygyny aýdyp, bu çäreleri “ýokary derejeli emeldarlaryň ilatyň elinde bar bolan dollar serişdelerini arzan nyrhdan ýygnap almak oýny” atlandyrýar.


“Köp adam türkmen manadyna ýa-da rus rublne ynanman, ‘gara gün üçin’ diýip, ýa-da ‘çagamy okadaryn ýa-da jaý alaryn’ diýip, ýyllarboýy dollarda pul ýygnap gelýärdi. Häzir olar üýşüren dollarlaryny arzandan satmaly bolýarlar” diýip, balkanly ýaşaýjy belledi.




Bu waka, türkmen häkimiýetleriniň “köne” ABŞ dollaryny dolanyşykdan çykarmak boýunça çäreleri ara alyp maslahatlaşýandygy barada garaşsyz neşir “Türkmenistanyň Hronikasynyň” çap eden maglumatynyň yz ýanyna gabat geldi.


“10-njy ýanwarda prezident Serdar Berdimuhamedow maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýewiň we Merkezi bankyň başlygy Toýly Mälikowyň gatnaşmagynda ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilen iş mejlisinde “köne” ABŞ dollaryny dolanyşykdan çykarmak çärelerini ara alyp maslahatlaşdy” diýip, neşir 17-nji ýanwarda habar berdi.


Azatlyk bu ýagdaýlar barada degişli türkmen häkimiýetlerinden teswir alyp bilmedi.


Bellesek, soňky aýlarda ABŞ-nyň Gazna departamentiniň ýa-da Federal ätiýaçlyk ulgamynyň dolanyşykdaky, has öňki ýyllarda ulanyşa goýberlen dollar banknotlarynyň yzyna gaýtarylmagy barada haýsydyr bir bildiriş edendigi hakda maglumat göze ilmeýär.


Muňa garamazdan, soňky alty aýdan gowrak wagtyň dowamynda dünýäniň käbir ýurtlarynda telekeçileriň 2004-nji ýyldan öň ulanyşa goýberlen dollar banknotlaryny kabul etmegi bes edendigi barada maglumatlar peýda boldy. Bu ýurtlaryň arasynda Özbegistan, Türkiýe, Indoneziýa, Taýland, Müsür ýaly döwletler bar.


Dünýäniň ösen ýurtlarynda, şol sanda Germaniýada, Awstriýada we Çehiýa respublikasynda raýatlar dolanyşykdan galýan ýa-da köne dollar banknotlaryny degişli ýurduň Merkezi bankyna alyp gidip, şol ýerde täzesine çalşyp bilýärler. Käbir ýurtlarda bolsa, raýatlara köne banknotlary çalyşmak üçin belli bir wagt möhleti berilýär.




 


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Загрузка...

Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net