Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Lebaply ýaşlar Russiýada bilim almak üçin ‘müňlerçe dollar para berýär’, käbirleri pullaryny aldyrýar

Lebapda ýaşlaryň ençemesi, Russiýanyň ýokary okuw jaýlarynda mugt bilim almak üçin, araçylara müňlerçe ABŞ dollary möçberinde para berendigini aýdýar.


Ýaşlaryň ýene birnäçesi bolsa, rus ýokary okuw jaýlaryna girmäge ýardam etmegi wada berýän "araçy-hilegärleriň" duzagyna düşendiklerini belleýär.


Bu barada lebaply ýaşlaryň ençemesi, olaryň hossarlary we welaýatyň Baş bilim müdirligindäki çeşmämiz Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.


“Ähli zat 2024-nji ýylyň dekabr aýynyň ahyrynda Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi websaýtynda rus ýokary okuw jaýlarynda mugt bilim almak mümkinçiligi barada maglumatyň çap edilmegi bilen başlandy. Käbir adamlar bilim işgärlerine, ene-atalara ýaşlary müňlerçe dollara rus uniwersitetlerine mugt okuwa salyp bermegi teklip edip başladylar” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmämiz aýtdy.




Gürrüňi edilýän maglumat Aşgabatdaky rus ilçihanasynyň websaýtynda geçen ýylyň 25-nji dekabrynda çap edildi. Onda Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň “Russiýanyň öňdebaryjy uniwersitetlerinde aşakdaky derejelerde mugt bilim almak üçin ajaýyp mümkinçiliklere eýedigi” bellenilýär.


“Bakalawr derejesi, hünärmen derejesi, magistr derejesi, aspirantura, ordinatura, goşmaça hünär bilimi, kömekçi tejribe derejelerinde mugt bilim almak isleýän dalaşgärler 2025-nji ýylyň 15-nji ýanwaryna çenli https://education-in-russia.com web sahypasynda hasap açmaly” diýlip, maglumatda nygtalýar.


Çeşmämiz sebitiň gurluşyk kärhanalarynyň biriniň başlygynyň lebaply ýaşlaryň azyndan 16 sanysyny bu programma esasynda okuwa salandygyny aýtdy.


“Kärhananyň başlygynyň rus ilçihanasynyň wekilleri bilen ilteşiginiň bardygyna ynanylýar” diýip, ol belledi.


Azatlyk gürrüňi edilýän kärhananyň başlygy bilen habarlaşyp, teswir alyp bilmändigi sebäpli onuň şahsyýetini anyklaýan maglumatlary köpçülige ýetirmekden saklanýar.


Habarçymyz bu şahsyň “hyzmatyndan” peýdalanan türkmenabatly we saýatly ýaşlaryň dördüsi bilen söhbetdeş boldy. Olar we olaryň hossarlary araçy şahsa, saýlap alan hünär ugruna görä, 9000-11000 ABŞ dollaryny berendiklerini tassykladylar.




“Hatda biz resminamalarymyzy hem, görkezilen çelgi arkaly, Internete ýüklemedik. Olar biziň üçin ähli zady özleri etdiler” diýip, saýatly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.


Munuň bilen bir wagtda, habarçymyz ýaşlaryň arasynda rus ýokary okuw jaýlaryna girmäge ýardam etmegi wada beren araçy-hilegärleriň duzagyna düşenleriň bardygyny hem belleýär.




“Ýaşlaryň 20-den gowragy şeýle hilegärleriň duzagyna düşüp, her biri müňlerçe dollaryny aldyrdy. Käbir adamlar tanyş-bilişlerine aýdyp, ýa-da şol hilegärleri tapmaga kömek eden adamlary tapyp, pullaryny yzyna almaga çalyşýarlar. Ýöne netije bermeýär” diýip, bu ýagdaýlary başdan geçiren ýaşlaryň birnäçesi gürrüň berdi.


Azatlyk Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň resmi websaýtynda görkezilen telefon belgilerine jaň edip, bu ýagdaýlar barada teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 28-nji ýanwarda eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.


Türkmenabat şäher polisiýa bölümindäki çeşmämiz adamlary duzaga düşürip, olaryň puluny alýan adamlaryň bardygy barada polisiýanyň habarlydygyny, emma olara garşy hiç hili çäre görülmeýändigini aýtdy.


“Şeýle galp araçylar, fotoşop programmasynyň kömegi bilen galp pasport kopiýasyny ýasamak bilen, dalaşgärleriň ynamyna girýärler we pullaryny alýarlar. Adatça araçynyň hyzmatyndan peýdalanmak parahorluk hasaplaýanlygy sebäpli, dalaşgärler polisiýa arz etmeýärler. Şeýle araçylaryň MHM-niň howandarlygyndan peýdalanýanlygy hakynda hem maglumatlar bar” diýip, çeşmämiz belledi.


Azatlyk bu ýagdaýlar barada sebitiň häkimiýetlerinden, şol sanda Baş bilim müdirliginden we Polisiýa müdirliginden teswir alyp bilmedi.


Russiýa türkmenistanlylaryň ýokary bilim almak we zähmet migrasiýasy üçin saýlap alýan esasy ýurtlarynyň hatarynda gelýär. Köpçülikde elýeterli bolan soňky maglumatlara görä, Russiýada 30 müňden gowrak türkmenistanly talyp ýokary bilim alýar.


 


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net