Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Türkmen zenanlary Özbegistana zähmet migrasiýasyna gidýärler

Türkmenistanlylaryň daşary ýurtlara gazanç etmek we hemişelik göçmek üçin gitmek islegleri gowşamaýar. Raýatlar täze mümkinçilikleri we ýurtlary saýlaýarlar. Häzirki wagt goňşy Özbegistan türkmenistanlylar üçin iş migrasiýasynyň meşhur ugruna öwrüldi.


Özbegistana işlemek üçin barýan türkmen raýatlarynyň ençemesi aýal-gyzlar bolup, olar köplenç myhmançylyk pudagynda işleýärler.


Azatlygyň habarçylarynyň maglumatyna görä, Balkan we Ahal welaýatlarynda ýaşaýan aýal-gyzlar zähmet migrasiýasy üçin Daşkenti saýlap, özbek paýtagtynyň restoranlarynda gap-çanak ýuwmak ýaly işlerde zähmet çekýärler.


Habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan birnäçe türkmenistanly zenan iş agyr bolsa-da, aýyna birnäçe ýüz dollar pul gazanyp bilýändigini aýtdylar.




"Özbegistan diýlende garyp ýurt göz öňümize gelýärdi. Paýtagt Daşkentde türkmen aşpezlerine we gurluşyk ussalaryna 1500 dollara çenli aýlyk töleýärler, iň ýönekeý gap-çanak ýuwuja 600 dollar aýlyk töleýärler" diýip, Özbegistanda işleýän balkanly zenan gürrüň berdi.


Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan ahally we balkanly zenanlaryň gürrüň bermegine görä, türkmenistanlylar üçin Özbegistana barmak beýleki ýurtlar bilen deňeşdirilende biraz aňsat.


"Özbegistana gitmek Türkiýä, Orsýete we Dubaýa gitmek ýaly uly görgi däl. Biz Özbegistana multi-wiza alyp 6 aýyň dowamynda erkin gelip-gidip bilýäris we jemi 6 aý üçin töleg 250 dollar bolýar. Goňşuçylyk we dil tarapdan ýakynlyk, iş bilen üpjünçilik türkmenistanlylaryň köpçülik bolup özbek döwletine zähmet migrasiýa gidip başlamagyna sebäp bolýar" diýip, türkmenistanly zenan aýdýar.


Türkmenistanyň raýatlarynyň goňşy Özbegistana saparlary soňky iki ýylda esli köpeldi.


2024-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Özbegistana täjirçilik we söwda maksady bilen baran daşary ýurtlularyň üçden iki bölegi türkmenistanlylar boldy. “Türkmenportal” neşiriniň Özbegistanyň prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligine salgylanyp çap eden habaryna görä, bu döwürde Özbegistana jemi 133,1 müň daşary ýurtly, şol sanda 88,9 müň Türkmenistanyň raýaty barypdyr.


Özbegistanda iş tapan türkmen raýaty goňşy ýurtdaky gazanç mümkinçiliginiň özi üçin has amatlydygy aýtdy.  


"Ozal diňe Daşoguz we Lebap welaýatlaryndan özbek döwletine zähmet we söwda maksady bilen gidirdiler, soňky wagt Ahalyň we Balkanyň müňlerçe raýaty zähmet çekmek üçin Özbegistany saýlap alýar. Sebäbi Türkmenistanda býujet edarasynda işleýän adam 600 dollar, ýagny 12 müň manat gazanmak üçin azyndan 1 ýyl zähmet çekmeli, ýokary bilimli lukman bolup işleseň 6 aý zähmet çekmeli, kärende ýeriňde 3 gektar pagta ýetişdirseň, 600 dollar girdeji üçin 2 ýyl zähmet çekmeli. Özbegistandaky gazanç mümkinçiligi Türkmenistana garanda ýokary görünýär" diýip, Özbegistanda iş tapan türkmenistanly gürrüň berdi.


37 milliondan gowrak ilatly Özbegistanda hem ilatyň işsizlik problemasy saklanýar. Geçen ýylyň aýagynda çap bolan resmi statistikada bu ýurtda işsizlik derejesiniň ýylyň dowamynda peselip, 6,8%-den 5,8% düşendigi aýdylan hem bolsa, ýurduň öz ilatynyň uly bölegi gazanjyň gözleginde daşary ýurtlara gitmäge mejbur bolýar.




Türkmenistanda işsizligiň derejesi barada resmi statistika onlarça ýyl bäri çap edilmeýär. Bu problemany resmi derejede gozgamaýan ýutda welaýatlardan paýtagta gazanç gözläp barýan raýatlar yzly-yzyna yzarlanýar we kowulýar.


Türkmen raýatlarynyň goňşy ýurtlara, şol sanada Özbegistana we Gazagystana iş gözleginde köpçülikleýin gitmegi bilen bagly ýagdaý soňky ýyllarda ýüze çykdy. Mundan öň türkmenistanlylar köpçülik bolup Türkiýä we Orsýete barýardy. Bu ýurtlara gelip-çykyş kynlaşdy.


Ozalky ýyllarda Özbegistana gatnaýan türkmenistanlylar esasan haryt daşamak we söwda bilen meşgullanýardy we goňşy ýurduň saglygy saklaýyş pudagyndan peýdalanýardy. Şeýle-de, türkmen ýaşlary ýokary bilim almak üçin özbek ÝOJ-laryna barýardy.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net