Gazak ýazyjysy Muhtar Magauin ABŞ-da jaýlandy
Merhumyň jynazasy Waşingtondaky Amerikan Diyanet merkezi metjidinde okaldy.
Taryhy romanlaryň awtory Muhtar Magauin bilen hoşlaşmaga onlarça adam geldi.
Olaryň arasynda Gazagystanyň ABŞ-daky ilçisi Ýeržan Aşikbaýew, konsul Žusup Orynbaý, daşary ýurtdaky Gazak diasporasynyň wekilleri we Amerikada okaýan gazak studentleri hem bar. Olar ýazyjynyň garyndaşlaryna, şol sanda ogly Edige Magauine we onuň maşgalasyna gynanç bildirdiler.
Muhtar Magauniň jesedi Waşingtonyň golaýyndaky Parklawn memorial gonamçylygynda jaýlandy.