Nawalnynyň üç aklawçysynyň “ekstremizmde” höküm edilmegine garaşylýar
Aklawçylar Wadim Kobzewe, Alekseý Liptsere we Igor Sergunine garşy höküm çykarmak boýunça kazyýet diňlenşigi 10-njy ýanwarda ýerli wagt bilen sagat 10:00-da Moskwanyň gündogaryndaky Wladimir sebitinde başlanýar.
Olar “ekstremist” gurama gatnaşmakda aýyplanýarlar. Bu aýyplama esasynda alty ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berliň bilinýär.
Prokurorlar aklawçylaryň her biriniň azyndan bäş ýyl azatlykdan mahrum edilmegini talap edýärler. Russiýanyň kazyýetlerinde şuňa meňzeş syýasy sud işleri boýunça gozgalan jenaýat işlerinde aklanmak barada esasan eşidilmeýändigi sebäpli, olaryň günäli tapylmagyna garaşylýar.
2021-nji ýylda Russiýada Nawalnynyň Korrupsiýa garşy gaznasy (FBK) we beýleki toparlary ekstremist diýlip atlandyryldy we gadagan edildi.