Hameneýi Ysraýylyň zarbalaryny ne ulaldyň, ne-de kiçeldiň diýdi
Hameneýi 27-nji oktýabrda hüjümde öldürilen eýran harbylarynyň maşgalalary bilen gürleşende Ysraýylyň zarbalaryny "ýalňyş hasaplama" diýip häsiýetlendirdi.
Hökümet işgärlerini Eýranyň “ukyp-başarnygyna düşünmäge” çagyran hem bolsa, ol Eýranyň iki duşmanyň arasyndaky haklaşyk zarbalaryny dowam etdirjek jogap zarbasyny urmagyna, gaýtawul bermegine çagyrmakdan saklandy.
Tähran BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň gezekli prezidentligine eýe bolan Şweýsariýadan Ysraýylyň hüjümini ýazgarmak üçin adatdan daşasy mejlis geçirilmegine çagyrmagy sorady.
Ysraýyl bu zarbalaryň şu aýyň başynda Eýranyň uran raketa zarbalary üçin ar alyş bolandygyny aýtdy.
Bu zarbalar, käbirleriniň garaşyşy ýaly, Eýranyň ýadro ýa-da nebit öndürýän desgalaryny nyşana almady.