Özbek häkimiýetleri rus žurnalistiniň gümürtik ölümini derňeýärler
Özbegistanyň Baş prokuraturasynyň metbugat sekretary Haýot Şamsutdinowyň sözlerine görä, ölümiň sebäbini anyklamak üçin kazyýet seljerişligini geçirmek buýruldy.
“Lenta.ru” neşirinde we “Profil” žurnalynda işlän Papernaýa 20-nji oktýabrda, öz ýoldaşy bilen, Karaman Palas myhmanhanasynda öli tapyldy.
Deslapky habarlarda ölümiň sebäbiniň myhmanhananyň howa çalşygy ulgamyndaky gaz zäherlenmesi, howzuň bejerilmegi bilen baglanyşyklydygy aýdyldy.
Ýakyndaky otagda bolsa bir özbek raýatynyň jesedi tapyldy. Häkimiýetler derňew işlerini dowam etdirýän wagtynda myhmanhana möhürlendi. Papernaýanyň jesediniň iki gün içinde Moskwa iberilmegine garaşylýar.