Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Aşgabatda býujet işgärlerinden we talyplardan mejbury saglyk barlagy üçin pul toplanýar

Şu günler Aşgabadyň edara-kärhanalarynyň tas ählisinde işgärleri mejbury saglyk barlagyndan geçirmek çäresi dowam edýär. Geçen ýyllardan tapawutlylykda, şu ýyl bu barlagdan ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary hem geçmäge mejbur edilýär. Bu çäre üçin býujet işgärlerinden we talyplardan nagt pul ýygnalýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy we çeşmeleri 28-nji noýabrda paýtagtdan maglumat berdiler.


“Bu barlaglardan häzire çenli Söwda we ykdysady aragatnaşyklar ministrligine degişli edaralaryň işgärleri, okuw jaýlarynyň talyplary, şol sanda Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary geçirildi. Bu barlaglar üçin erkek adamlardan 100 manat, aýal-gyzlardan 120 manat möçberde nagt pul toplandy” diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz gürrüň berdi.


Edara-kärhanalaryň we ÝOJ-laryň ýolbaşçylary barlagy döwlet tarapyndan ilatyň saglygy üçin edilýän alada diýip wagyz etseler-de, bu çäräniň çäginde işgärler we talyplar hiç bir medisina barlagyndan geçirilmeýär. Hat-da olaryň gan basyşy ölçelip, olardan gan-peşew barlagy hem alynmaýar.




Býujet işgärleri we talyplar toparlaýyn görnüşde awtobuslara mündürilip, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki medisina merkezine äkidilýär.


“Merkeziň baş lukmany ýygnaklar otagyna getirilen işgärler we talyplar bilen ýygnak geçirip, ‘Saglygyňdan arz-şikaýatyňyz barmy? Ýok bolsa, ‘barlandy’ we ‘sagdyn’ diýip, kepilnama ýazyp berýäris’ diýýär” diýip, paýtagtly býujet işgärleriniň biri anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.


Onuň sözlerine görä, býujet işgärleriniň hiç biri saglyk problemalarynyň bardygyny aýdyp bilmeýär. Sebäbi saglyk barlagyndan geçip bilmediklere ýa-da saglyk problemasy bolan işgärlere işden çykarylmak howpy abanýar.


“Işgärler bir agyzdan ‘saglygymyz gowy’ diýip jogap berýärler we olaryň hemmesi ‘işe ýaramly’ diýip kepilnama alýarlar. Işgärler bölüminiň hünärmeni işgärleriň saglygynyň gowudygy barada hasabat berýär” diýip, býujet işgäri belledi.


Bu barlaglar, býujet işgärleriniň we talyplaryň ençemesinde garşylyk döredýär. Olar bulary “galp saglyk barlaglary” atlandyryp, muny “häkimiýetleriň döwletiň boşan gaznasyny doldurmak çäresi” häsiýetlendirýärler.


“Bu çäre, ykdysady kynçylyklar zerarly ozal hem güzeran eklenji kynlaşan köp adamyň maşgala býujetine zarba urýar. Häkimiýetler halkyň aladasy edilýär diýýär, ýöne hakykatda halk diňe talanýar” diýip, aşgabatly başga bir býujet işgäri aýtdy.




Azatlyk ýokarda beýan edilenler barada degişli türkmen häkimiýetlerinden, şol sanda Aşgabadyň saglyk edarasyndan we ady agzalan ýokary okuw jaýyndan kommentariý alyp bilmedi.


Türkmenistanda indi sekiz ýyl çemesi wagt bäri býujet işgärlerinden mejbury saglyk barlaglaryndan geçmeklik talap edilýär. Býujet işgärleriniň ençemesiniň sözlerine görä, barlaglar kärhana ýolbaşçylary bilen işgärleriň arasynda baglaşylan şertnama esaslanýar. 2017-nji ýyla çenli ýylda bir gezek geçirilen bu barlaglar soňky alty ýyl çemesi wagt bäri ýylda iki gezek amal edilýär we munuň üçin işgärlerden nagt pul ýygnalýar.


Ýurtda býujet işgärlerinden we talyplardan dürli maksatlar üçin yzygiderli pul toplanýar. Olar edara-kärhanalarda abatlaýyş işlerini geçirmek, prezidentiň portretini we şygarlary çalyşmak, sport eşiklerini we tigir satyn almak, tebigaty goramak, pagta ýygymy ýaly maksatlar üçin pul bermäge mejbur edilýärler.


Pul goşandyny goşmakdan boýun gaçyranlar köplenç gorkuzmalara sezewar edilip, olara işden ýa-da okuwdan çykarylmak haýbaty atylýar.


Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri “döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini” ýygy-ýygydan tekrarlaýarlar. Ýöne olar saglyk barlaglary we olar üçin toplanýan pullar, şeýle-de beýleki pul ýygnamak çäreleri barada hiç hili gürrüň gozgamaýarlar.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net