Kadyrowyň tankytçysy, Russiýa deportasiýa edilmejek bolup, Gyrgyzystany terk etdi
Onuň aklawçysy Bakyt Awtandiliň 27-nji noýabrda Azatlyga aýtmagyna görä, onuň müşderisi häzir aýdyňlaşdyrylmadyk başga bir ýurtda, şeýle-de Merkezi Aziýa döwletini terk etmek baradaky karary Mowlaýewiň özi kabul edipdir.
Mowlaýew geçen aý Gyrgyzystanyň serhedini bikanun geçmekde aýyplanyp alty aý tussaglyga höküm edilipdi.
Geçen hepde Bişkegiň sudy Mowlaýewi tussaglykdan boşatmak baradaky karary kabul etdi, şol bir wagtda ony deportasiýa etmek baraky höküm öz güýjünde galdyryldy.
Asly çeçenistanly Mowlaýew Russiýada ekstremizm aýyplamalary esasynda gözlenýär. Ol bu aýyplamalaryň syýasy matlaplydygyny aýdyp, bulary ret edýär.