BMG-niň Adam hukuklary başlygy Gaza sapar eder
BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissary (UNCHR) Wolker Turk şu gün Ýakyn Gündogar sebitine bäş günlük sapara ugrady. Bu sapar Ysraýylyň 7-8-nji oktýabrda edilen hüjüme jogap berip, Gazada alyp barýan söweşleriniň güýçlenen wagtynda, palestin territoriýalarynyň 56 ýyllyk basylyp alynmagynyň “has giň kontekstinde” amala aşyrylýar.
"Bu gyrgynçylyga, soňsuz ejir, azap çekilmegine, gan dökülmegine, ýykan-ýumranlyklara, gahar-gazaba we lapykeçlige bir aý boldy" diýip, Turk aýtdy.
Turk 7-nji noýabrda Kairde bolar we ertesi gün Gaza bilen serhetde ýerleşýän Rafah şäherine barar.