Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Berdimuhamedow alabaý güni bilen ogluny gutlady, ýurtda idegsiz itler ýok edili

Türkmenistanda alabaý güni dabaraly bellendi. Çopan it tohumy döwlet derejesinde mahabatlandyrylýar. Emma beýleki itler tutulmak we ýok edilmek howpy astynda galýar, baýramçylyk güni wehim hasam artýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary soňky günlerde itleriň köpçülikleýin ýok edilendigi barada maglumat berdiler.


"27-nji oktýabrda jemagat gulluklaryň işgärleri Baýramalyda wagşyçylyk bilen arassalaýyş geçirdiler. Itleri, şol sanda öý itlerini-de tutdular. Käbirlerini dessine öldürdiler, olaryň arasynda alabaý itleri hem köpdi" diýip, Azatlygyň Marydaky habarçysy gürrüň berdi.


Itleri tutmak işi baýramyň öňüsyrasynda başlandy. Alabaý itiniň güni oktýabr aýynyň soňky ýekşenbe güni bellenilýär, bu ýyl baýramçylyk senesi 29-njy oktýabra düşdi.


Şaýatlaryň sözlerine görä, diri galan haýwanlar, esasan kiçi we orta itler haltalara salnyp, Mara äkidilipdir we şol ýerde tutulan itleriň kabul edilýän ýerine üýşürilipdir.  




Haýwanlary goraýan ýerli aktiwistleriň sözlerine görä, itleriň eltilýän ýerlerinde elhenç ýagdaýy görse bolýar itler "haltalarda bogulyp ölýär".  


"Alnyp gidilen itleriň eýeleri öz pasportlaryny we itleriň dokumentlerini alyp ol ýere ylgadylar, käbirleri girmäge rugsat berilmese-de içeri girdiler. Şol ýerde haltalardan gaty gorkunç sesler eşidildi. Haltalaryň birinde it birnäçe güjük dogurdy, hemmesi ses edip, çyksaýardy" diýip, wakalara şaýat bolanlaryň biri gürrüň berdi.


Ýurduň häkimiýetleri köçelerde itleri we pişikleri, şol sanda eýeleri bolan öý haýwanlaryny yzygiderli tutýarlar, baýramçylyklaryň öňüsyrasynda bu tutha-tutluk has hem güýçlenýär.


Şeýle-de bolsa, ýurduň ýolbaşçylary bu alabaý baýramyna uly ähmiýet berýär. Sene bilen baglanyşykly Türkmenistanyň prezidenti öz kakasy, öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowdan ýörite gutlaga eýe boldy. 


Kakasy prezident ogly Serdar Berdimuhamedowy öz goly astyndaky döwlet edarasy Halk Maslahatynyň adyndan gutlady. "Size merdana halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek hem-de kämilleşdirmek, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak, itşynaslyk sungatyny ilerletmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin" diýlip prezidentiň kakasynyň öz ogluna gutlag hatynda aýdylýar. 


Döwlet metbugatynda çap edilen hatda Arkadag adyny göterýän Gurbanguly Berdimuhamedow ogluna ýüzlenip, ony “Türkmenistanyň çuňňur hormatlanýan prezidenti; Eziz prezidentimiz!; Hormatly Prezident! We Hormatly Arkadagly Gahryman Serdar! diýip atlandyrdy. 


Serdar Berdimuhamedow ýurt başyna geçmezden ozal Türkmen alabaýy birleşigine we Ahal-Teke atçylyk birleşigine ýolbaşçy bolupdy. Guramalaryň ikisi-de özüni atlar we itler boýunça bilermen hökmünde görkezýän Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilipdi. 




Azatlygyň habarçylarynyň, it eýeleriniň we haýwanlary goraýan ýerli aktiwistleriň sözlerine görä, soňky ýyllarda türkmen alabaý itiniň kultynyň güýçlenmegi bilen birlikde itleriň ýok edilmegi hem ýaýbaňlanypdyr.


Bu aralykda alabaý itleri we ahalteke atlary Türkmenistanda mahabat nyşanyna öwrüldi, olara ýadygärlikler we ýörite seneler bagyşlandy.


Alabaý itiniň baýramçylygy 2021-nji ýylda döredildi, şol bir wagtyň özünde "Halk atşynasy" we "Türkmenistanyň hormatly itşynasy" atlary döredildi. Serdar Berdimuhamedow ilkinji bolup "Hormatly itşynas" adyna eýe boldy we ony oňa kakasy Gurbanguly Berdimuhamedow gowşurdy. 


Itlere kitap we goşgy bagyşlan Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Aşgabatda alabaý itiniň äpet altyn ýadygärligi dikildi. 


Ýurt ilaty alty ýyl bäri azyk ýetmezçiliginden, ilkinji nobatda unsuz we çöreksiz kösenýärkä, alabaý itleri üçin azyk paýlary döredildi. 


Türkmen ýolbaşçylary daşary ýurtly syýasatçylara türkmen alabaý güjügini sowgat bermek däbini döretdi. Geçen hepde Türkiýä eden saparynda Serdar Berdimuhamedow türk kärdeşine Gardaş atly türkmen alabaý güjügini sowgat berdi. Ozalky ýyllarda prezident bolan döwründe Gurbanguly Berdimuhamedow alabaý itlerini Russiýanyň prezidenti Wladimir Putine we premýer-ministri Dmitriý Medwedewe sowgat beripdi.  




Rus dilinde hem okaň



Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net