Pakistanyň ozaky premýer-ministri Khan gizlin dokumentleriň syzdyrylmagy boýunça aýyplanýar
Gürrüňi gidýän iş geçen ýyl Pakistanyň Waşingtondaky ilçisinden gelen hat bilen ilteşikli. Han ony özüniň häkimiýetden çetleşdirilmeginde Pakistanyň täsirli harbylarynyň we ABŞ-nyň ilteşigi bar ýaly edip görkezmäge çalyşdy. Olaryň ikisi hem bu aýyplamany ret etdiler.
Han geçen ýylyň aprelinde ynamsyzlyk boýunça ses berişligiň netijesinde häkimiýetden çetleşdirilipdi. Ol awgustda parahorlykda günäli tapylyp, üç ýyl tussaglyga höküm edildi.