Berdimuhamedow Aşgabat-Pekin hyzmatdaşlygynyň “maksadaokgunly ösdürilýändigini” aýtdy
Öňki prezidentiň tassyklamagyna görä, bu iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk ähli ugur boýunça “yzygiderli, gyşarnyksyz we maksadaokgunly ösdürilýär”.
“Biz ...hyzmatdaşlygyň berk hukuk binýadyna, taraplaryň uly ykdysady kuwwatynyň bardygyna daýanýarys” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Onuň sözlerine görä, hyzmatdaşlygyň şeýle häsiýete eýe bolmagy... Aziýa yklymynda söwda-ykdysady işleri çaltlandyrmagyň we giňeltmegiň möhüm şerti hökmünde çykyş edýär.
Türkmenistan ýylda Hytaýa milliardlarça dollara durýan tebigy gaz iberýär we ondan gelýän girdejiler barada öz ilatyna açyk we anyk maglumat bermeýär.