Türkmenistanly student Saratowda wepat boldy
“KamAZ” bilen “WAZ-2107” awtoulagynyň çakyşmagynda bolan ýol hadysasynyň iki gün öň, 16-njy oktýabrda bolandygy aýdylýar.
“KamAZ” awtoulagynyň sürüjisine şikes ýetmändir, ýeňil maşynyň 25 ýaşly sürüjisi we 24, 25 ýaşly iki ýolagçy keselhana ýerleşdirildi, sürüji keselhanada aradan çykdy diýip, habarda aýdylýar.
Begenç Bazarow okuwyny indiki ýyl tamamlamaly eken.