Gyrgyz häkimiýetleri “ýok edilen” jenaýat ketdesiniň $1 milliardlyk baýlygyny aldy
Waşington Kolbaýewi 2011-nji ýylda neşe gaçakçylygynda güman edilýän esasy neşe söwdagärleriniň global sanawyna goşdy.
49 ýaşly erkek “kanunlaşan ogry” hökmünde tanalýardy, öňki sowet respublikalarynda bu at-dereje, däp boýunça, jenaýatçy toparlaryň arasynda aýratyn tapawutlanan, ýakasyny tanadan şahslara berilýärdi.
ABŞ-nyň Döwlet departamenti 2014-nji ýylda Kolbaýewiň jenaýatçylyk ulgamynyň maliýe mehanizmleriniň üstüni açmaga kömek etjek maglumat üçin 1 million dollar baýrak teklip etdi.