Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Zor bilen ýitirim edilenleriň halkara güni türkmen türmelerinde dereksiz ýitenler ýatlanýar

30-njy awgustda bütin dünýäde bellenilýän zorlukly ýitirim edilmeleriň pidalarynyň halkara gününiň nobatdaky ýyl dönüminde Türkmenistanda tussag edilenden soň ýitirim bolan ýüzlerçe adamyň ykbaly henizem näbelli galýar.


Tussag edilen bendileri zor bilen ýitirim etmek soňky 20 ýylda Türkmenistanda yzygiderli bir ýagdaýa öwrüldi. Ýitirim bolan adamlaryň ykbalyny yzarlaýan "Olary diri görkeziň!" atly halkara kampaniýasyna görä, 2002-nji ýyldan bäri uzak möhletli azatlykdan mahrum edilen, şol sanda syýasy we dini sebäplerden ýitirim bolan ýüzlerçe adam hasaba alynypdyr, emma türkmen hökümeti halkara basyşlaryna garamazdan, bu pidalaryň ykbaly baradaky soraglaryň köpüsine üns bermezligini dowam etdirýär.


Adam hukuklaryny goraýjylar, Türkmenistanda zor bilen ýitirim edilmeleriň hökümetiň 2002-nji ýylyň 25-nji noýabrynda şol wagtky prezident Nyýazowa garşy agdarlyşyk synanyşygy diýip, häsiýetlendiren ýagdaýlarda günäkärlenýänlere, şol sanda oppozisiýa liderine garşy ulanylandygyny belleýärler. Olaryň arasynda premýer-ministriň öňki orunbasary we daşary işler ministri Boris Şyhmyradow hem-de ÝHHG-niň öňki ilçisi we öňki daşary işler ministri Batyr Berdiýew ýaly tanymal şahsyýetler bar.




Halkara kampaniýasy Türkmenistanyň türmelerinde zor bilen ýitirim bolan 162 adamyň ykbalyny dokumentleşdirdi, şolardan 61 adam 2002-nji ýylyň noýabr aýynda döwlet agdarylyşygy synanyşygyna gatnaşmak aýyplamalasy esasynda sud edilen we ýene 3 adam olaryň maşgala agzalarynyň Türkmenistandan gaçmagyna kömek edenlikde aýyplanan şahslar. Şeýle-de, sanawda 2016-2018-nji ýyllar aralygynda tussaglaryň ýitirim bolmagy bilen baglanyşykly onlarça waka bar.


Bu tussaglara kanun esasynda aklawçy ýa-da lukmançylyk kömegi berilmedi, olar daşarky dünýäden üzňe saklanyp, maşgalalary bilen habarlaşmaga rugsat berilmedi. Olaryň diridigini ýa-da ölendigini ýakynlary henizem bilmeýär.


Geçen ýylyň noýabr aýynda "Olary diri görkeziň!" kampaniýasy ÝHHG-a gatnaşýan döwletleri Türkmenistanda zor bilen ýitirim edilmeleri bes etmek üçin Türkmenistanyň hökümetine basyş planyny işläp düzmäge çagyrdy.


ÝB-niň wekilleri türkmen türmelerinde zor bilen ýitirim bolan adamlaryň ykbaly barada alada bildirdiler we Türkmenistany adamlary mejbury ýitirim etmek tejribesini ýok etmäge çagyrdylar.


2010-njy ýyldan bäri 30-njy awgusty zor bilen ýitirim bolan pidalaryň halkara güni diýip ykrar eden Birleşen Milletler Guramasy zor bilen ýitirim edilmeleriň adam hukuklarynyň depelenmeginden hem agyrdygyny belleýär. "Zor bilen ýitirim bolmak, köplenç jemgyýetde terror duýgusyny döretmek strategiýasy hökmünde ulanylýar. Bu tejribe netijesinde döreýän howp duýgusy, ýitirim bolan adamyň ýakyn garyndaşlary bilen çäklenmeýär, eýsem olaryň gatnaşýan toparlarynda-da, tutuş jemgyýetde-de täsir galdyrýar" - diýlip, guramanyň habarynda aýdylýar.




Türkmenistan türmelerde saklanýanlaryň, sud edilenleriň we boşadylanlaryň sany barada resmi maglumatlary çap etmeýär. Şol bir wagtyň özünde, ýurt türmelerdäki tussaglaryň sany boýunça ýylsaýyn dünýä derejesinde öňde barýar.


Türmeler boýunça bütindünýä hasabatyna görä, Türkmenistanda ýurduň ilatynyň her 100 000 adamyna 576 tussag düşýär. Bu, dünýädäki üçünji uly görkeziji. Hasabatda berlen sanlar 2021-nji ýyla degişli bolup, onda Türkmenistanyň ilat sanynyň 6 million 80 müň adamdan we ýurduň türmelerindäki tussaglaryň sanynyň 35 müň adamdan ybarat görkezijileriň esasynda hasaplanypdyr.


2021-nji ýylyň fewral aýynda Merkezi Aziýa Analitik Merkezi 35 000 tussagyň saklanmagynyň türkmen türmelerindäki ýerlerden üç esse köpdügini habar berdi.


Adam hukuklaryny goraýjylaryň çagyryşlaryna garamazdan, türkmen türmeleri halkara guramalarynyň we garaşsyz synçylaryň baryp görmegi üçin rugsat berilmeýän ýer bolmagynda galýar. Öňki tussaglaryň beren gürrüňlerine görä, Türkmenistanyň türmeleri elhenç tussaglyk şertleri we işgärler bolsa, zalymlygy bilen tapawutlanýar.




Rus dilinde hem okaň


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.



Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net