Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Lebabyň ÝOJ-larynda soralýan paranyň möçberi ‘400 müň manada ýetdi’

Türkmenistanda dalaşgärleri ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine (ÝOJ) okuwa kabul etmegi guramak hem-de giriş synaglaryny geçirmek işi tamamlandy. Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysy we çeşmesi şu ýyl sebitiň ÝOJ-laryna okuwa girmek isleýän dalaşgärlerden soralan paranyň möçberini anyklamagy başardy. Bu aralykda, okuwa kabul edilen ýaşlaryň birnäçesi özlerinden talap edilýän täze egin-eşikler üçin azyndan 10 müň manat çykdajy etmeli bolýandyklaryny aýdýar.


Bellesek, ýurduň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi guramak hem-de giriş synaglaryny geçirmek işi şu ýyl 11-nji iýul we 26-njy awgust aralygynda alnyp baryldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow bu baradaky buýruga Ministrler kabinetiniň 14-nji iýulda geçirilen mejlisinde gol çekdi.


“Şu ýyl Türkmenabat şäherindäki Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna okuw girjek dalaşgärlerden soralan paranyň möçberi 300-400 müň manat aralygynda boldy. Paranyň möçberi fakultete görä üýtgeýär. Meselem, Taryh fakultetine okuwa giren ýaşlaryň arasynda 400 müň manat para berenler bar. Fizika we matematika ýaly fakultetlere girenleriň arasynda 300 müň manat para berenler bar” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmämiz aýtdy.




Bu serişde ýurduň Merkezi bankynyň kursunda 85000-114000 ABŞ dollaryna we gara bazaryň nyrhynda 15000-20000 ABŞ dollaryna barabardyr.


“Bu instituta işe giren raýatlaryň, hususan-da oglanlaryň köpüsi okuwy gutaransoň, Içeri işler ministrligine, şol sanda polisiýa işe girýär. Şol sebäpli paranyň möçberi örän ýokary” diýip, bu instituty tamamlan türkmenistanly gürrüň berdi.


Bellesek, agzalýan institutda paranyň möçberiniň 400 müň manada ýetendigi barada garaşsyz neşir “Turkmen.news” hem habar berdi. Neşir 23-nji awgustda çap eden maglumatynda Aşgabatdaky Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutyna girmek isleýän dalaşgärlerden 10 müň ABŞ dollarynyň soralýandygyny hem belledi.


Çeşmämiz şu ýyl Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebine we Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebine girmek isleýänlerden soralýan paranyň möçberiniň ýokarlanandygyny hem aýtdy.


“Bu mekdeplerde paranyň möçberi 140-180 müň manat aralygynda boldy. Bu gara bazaryň nyrhynda 7000-9000 ABŞ dollaryna barabardyr. Lukmançylyk orta okuw mekdebine para berip girenleriň köpüsi ‘Tölegli esasda’ okarlar. Olaryň ýyllyk okuw tölegi 8 müň manada ýetýär” diýip, çeşmämiz belledi.


Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada agzalýan bilim edaralaryndan we sebitiň Bilim bölüminden kommentariý almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 29-njy awgustda telefon arkaly eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.


Bu aralykda, okuwa kabul edilen gyzlaryň ençemesi özlerinden talyp egin-eşikleriniň birnäçe görnüşini satyn almagyň talap edilýändigini we munuň üçin azyndan 10 müň manat çykdajy etmeli bolýandyklaryny aýdýar.




“Üç sany milli köýnek tikdirmeli. Olar gök, gyzyl we ýaşyl reňklerde bolmaly. Okuw gyzyl we ýaşyl reňkdäki köýnekleri geýip barmaly. Gök reňkdäki köýnek bolsa, diňe çäre-dabaralar üçin niýetlenendir. Şeýle-de, ak reňkdäki sport eginbaşyny satyn almaly. Bulary saglyk we sport çärelerinde geýmeli. Tahýa hem satyn almaly. Onuň bahasy 250-280 manat aralygynda üýtgeýär. Gyzlar bir görnüşde, oglanlar başga bir görnüşdäki portfeli satyn almaly. Bularyň bahasy 10000-12000 manat aralygynda üýtgeýär” diýip, okuw kabul edilen türkmenabatly ýaşlaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.


Ýurduň kanunçylygynda orta we ýokary hünär okuw mekdepleriniň aglabasynda bilim almagyň mugtdygyna kepil geçilýär. Şeýle-de, olara Türkmenistanyň umumy orta biliminden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlaryň giriş synaglarynyň we söhbetdeşliginiň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýändigi hem bellenilýär.


Muňa garamazdan, habarçylarymyz, çeşmelerimiz we türkmenistanlylar ýurduň ÝOJ-laryna girmek üçin dalaşgärlerden alynýan paranyň onlarça ýyl bäri saklanyp galýandygyny aýdýarlar. Olar ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady krizise hem-de giň ýaýran işsizlige garamazdan, onuň möçberiniň ýyl-ýyldan artýandygyny hem belleýärler.


Köp ene-ata bu parany bermek üçin awtoulaglaryny, hojalygyndaky mal-garalaryny we mellek ýerlerini satýar. Şu ýylyň martynda Lebap welaýatyndaky habarçymyz ÝOJ-larda ‘para möwsüminiň' başlanandygyny we ene-atalaryň öz ulaglaryny howlukmaç satýandygyny habar berdi.


Bu ýyl ýurt boýunça 82 müň töweregi okuwçy umumybilim berýän orta mekdeplerden uçurym boldy we olardan 20 müňden gowragy ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul edilýär.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net