Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Raiffeisen bankyň täze düzgünleri Russiýadaky türkmen studentleriniň ‘ýagdaýyny has-da kynlaşdyrar’

Russiýadaky Raiffeisen bank 1-nji sentýabrdan başlap azyndan 1000 dollar möçberindäki komissiýany, ýagny tölegi girizýär. Bu barada garaşsyz neşir "Turkmen.news" bankyň metbugat gullugyna salgylanyp, 21-nji awgustda habar berdi.


Bankyň täze düzgünine laýyklykda, Türkmenistanda ene-atalaryň Russiýanyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan çagalaryna daşary ýurt walýutasynda pul ibermek mümkinçiligi tas nola deň bolýar. Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky habarçysy düzgüniň Russiýada okaýan türkmen ýaşlarynyň ýagdaýyny has-da kynlaşdyrjakdygyny aýdýar.


“2023-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap, beýleki banklardan ABŞ dollarynda gelýän serişdeleriň müşderileriň bank hasaplaryna geçirilmegi boýunça komissiýanyň (tölegiň) mukdary geçirilen serişdäniň 50%-ne, iň azyndan 1000 ABŞ dollaryna deň bolar, ýöne geçirilen mukdardan köp bolup bilmez” diýlip, bankyň metbugat gullugynyň çap eden maglumatynda aýdylýar.


Habarda komissiýanyň iň ýokary mukdarynyň 10 000 ABŞ dollaryna barabar boljakdygy hem bellenilip, täze düzgünleriň fiziki şahslaryň, kiçi we mikro biznesleriň, şol sanda ýuridiki taraplaryň we ýekebara telekeçileriň hasaplaryna gelýän ähli geçirimlere degişlidigi aýdylýar.




“Bank, bazar şertleriniň üýtgemegi sebäpli ABŞ-nyň dollarynda gelýän geçirimleriň sanyny çäklendirmäge mejbur bolýar. Müşderilere beýleki töleg usullaryny ulanmagy maslahat berýäris” diýip, bankyň metbugat gullugy belleýär.


Bu düzgüne laýyklykda, ene-atalar Russiýada okaýan çagasynyň Raiffeisen bankdaky hasabyna pul ibermek islese, onda onuň mukdarynyň azyndan 2000 ABŞ dollaryna deň bolmalydygyny aňladýar.


Ýöne türkmen häkimiýetleri ene-atalaryň daşary ýurtlarda okaýan çagalaryna türkmen banklary arkaly pul ibermegiň çägini aýda 200 ABŞ dollary möçberinde saklap galýarlar.


Şeýlelikde, ene-atalaryň Russiýadaky çagalaryna daşary ýurt walýutasynda pul ibermek mümkinçiligi tas nola deň bolýar. Sebäbi türkmen banklarynyň daşary ýurtlardaky studentlere pul ibermek üçin goýan çägi Raiffeisen bankyň iň pes komissiýa mukdaryna laýyk gelmeýär.


Galyberse-de, Raiffeisen bank Russiýada türkmen banklaryndan maliýe serişdelerini ABŞ dollarynda kabul edýän, bilinýän ýeke-täk bank bolmagynda galýar.


“Türkmenbaşy şäherindäki Türkmenbaşy banky we Halkbank Russiýanyň 50 göterim komissiýa mukdaryny güýje girizendigini we munuň azyndan 1000 ABŞ dollaryna deň bolmalydygyny aýdyp, häzirlikçe pul geçirimlerini kabul etmeýärler. Täze düzgün Russiýadaky studentleriň ýagdaýyny has-da kynlaşdyrar” diýip, Balkandaky habarçymyz 22-nji awgustda aýtdy.


Onuň tassyklamagyna görä, soňky aýlarda sebitdäki banklar ene-atalara Russiýa döwletine bäş aýda bir gezek pul ibermäge rugsat berjekdiklerini, onuň mukdarynyň 1000 ABŞ dollaryna deň boljakdygyny aýdyp gelýärdiler. Bu bildiriş, Raiffeisen bankyň iýun aýynda yglan eden düzgüni bilen utgaşýar.




9-njy iýunda bankyň metbugat gullugy 2023-nji ýylyň 20-nji iýunyndan başlap, beýleki banklardan ABŞ dollarynda gelýän serişdeleriň müşderileriň bank hasaplaryna geçirilmegi boýunça komissiýanyň mukdarynyň geçirilen serişdäniň 50%-ne, iň azyndan 500 ABŞ dollaryna deň bolmalydygyny aýdypdy. Düzgüne laýyklykda, ene-atalar Russiýada okaýan çagasynyň Raiffeisen bankdaky hasabyna pul ibermek islese, onda onuň mukdarynyň azyndan 1000 ABŞ dollaryna deň bolmalydygyny aňladýardy.


Türkmenistan daşary ýurtlarda okaýan raýatlaryna gara bazaryň nyrhyndan azyndan bäş esse pes bolan Merkezi Bankyň kursy boýunça kesgitli möçberdäki manady dollara çalşyp bermek mümkinçiligini göz öňünde tutýar.


Ýurtda alty ýyl çemesi wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň, harytlaryň we hyzmatlaryň yzygiderli gymmatlamagynyň arasynda, hökümetiň pul geçirmek mümkinçiligi ene-atalaryň aglabasy üçin uly goltgy bolmagynda galýar.


Ýöne häkimiýetler bu mümkinçiligi tapgyrlaýyn esasda çäklendirip gelýär. Pul ibermegiň çägi ilkibada, ýagny 2016-njy ýylda 1000 ABŞ dollaryna barabar bolan bolsa, häzir 200 ABŞ dollaryna çenli çäklendirildi.


Häkimiýetleriň çäklendirmeleri zerarly ene-atalaryň öz wagtynda pul iberip bilmezligi köp studentiň okuwdan çykmagyna, käte gyzlaryň "ten satmaga" mejbur bolmagyna getirýär.


Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ýurtda pul ibermek bilen baglanyşykly kynçylyklar we bularyň ene-atalara we olaryň daşary ýurtlarda okaýan çagalaryna ýetirýän täsirleri barada aç-açan gürrüň gozgamaýarlar.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Загрузка...

Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net