Daşkent Aşgabady “akylly” gaz hasaplaýjy bilen üpjün eder
Hökümetçi “Türkmenportal” neşiri bu maglumaty özbek metbugatyna salgylanyp habar berýär.
Konserniň wekilleri önümçilik prosesi, “Technoparkyň” işleri bilen tanyşdylar. Kompaniýanyň ýolbaşçylary önümleriň hili, laboratoriýa synaglary barada jikme-jik maglumat berdiler.
Şeýle-de, habarda anyklaşdyrylman aýdylmagyna görä, duşuşykda Türkmenistany “akylly” gaz hasaplaýjylary bilen üpjün etmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.