Özbek blogçysy deslapky tussaghanada gynalandygyny aýdýar
Ol öz gynalmalarynyň jikme-jikliklerini 15-nji awgustda ejesine gürrüň berendigini aýtdy.
Abdukodir Mominow 8-nji fewralda tussag edilip, kezzaplykda we talaňçylykda aýyplandy. Özbek kazyýeti oňa 4-nji awgustda 7 ýyl türme tussaglygy hökümini çykardy. Hukuk toparlary bu hökümiň syýasy sebäpler esasynda çykarylandygyny aýdýarlar.
Prezident Şawkat Mirziýoýewiň tankytçysy hökmünde tanalýan 33 ýaşly blogçynyň “Kuzgy” YouTube kanalynyň 247 müň yzarlaýjysy bar.
Özbek häkimiýetleri onuň gynalandygy barada aýdan sözlerine hiç bir düşündiriş bermedi.