Mediazona: Nawalnynyň türme möhleti jemi 19 ýyl bolar
“Mediazonanyň” 5-nji awgustda beren habaryna görä, Moskwanyň şäher kazyýeti paýtagtdan 250 km gündogarda ýerleşýän jeza koloniýasynda geçiren kazyýet işinde 47 ýaly syýasatçyny beýleki dört aýyplamasyndan boşatdy.
“Mediazona” bu jikme-jiklikleri kazyýet işiniň geçirilen jaýyndan alnan ses ýazgysynyň seljermesinden soň habar berdi.
Mundan öň Nawalnynyň 19 ýyllyk täze möhletiniň oňa ogurlyk aýyplamasy esasynda berlen öňki dokuz ýyllyk türme möhletine goşmaça boljakdygy ýa-da däldigi belli däldi.