Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Özbek prokurorlary belli blogçy Muminowa 11 ýyl berilmegini soraýar

Daşkendiň Mirabad etrabynyň kazyýeti blogçy Abdukodir Muminowyň garşysyna gozgalan jenaýat işini jemleýär. Oňa zorlap para almakda, ýalançylykda we başga galplykda aýyplamalar ýöňkelýär.


1-nji awgustda geçirilen diňlenişikde, prokuratura kazy Sardorbek Sadikowdan, blogçyny 11 ýyl türme tussaglygyna höküm etmegi sorady. Bu barada Gazeta.uz habar berdi.


Ýatladyp geçsek, bu işde 14 adam ejir çeken hasaplanýar, şol sanda birnäçe telekeçi hem bar, olara ýetirilen zyýan 903,4 million suma barabar diýilýär.


Öň habar berlişi ýaly, 26-njy iýulda ejir çekenlerden käbiri güwä geçipdi. Ertesi güni ýene sekiz adamyň güwälikleri diňlenildi.


Kazyýete gatnaşanlaryň Gazeta.uz neşirine aýtmagyna görä, ejir çekenlerden biri kerpiç zawody bilen bagly kynçylyklar sebäpli Abdukodir Muminowa ýüz tutupdyr. Aýdylmagyna görä, ol göýä barlag geçirmek üçin, 10 müň dollar sorap, 3800 dollary öňünden talap edipdir.


«Biz Abdukodir Muminow bilen Daşkentde başga bir tanşyň üstünden duşuşdyk. Şondan soň men ony Jyzaga çagyrdym. Biziň kerpiç zawody bilen meselämiz bardy. Biz dil üsti bilen 10 müň dollara gepleşdik, munuň öwezine ol žurnalistik barlag geçirmelidi. Ilki başda men oňa 3000 dollar berdim, soňra bir gezek 500 dollar, ýene-de üç gezek hem 100 dollardan, jemi 3800 dollar berdim. Wideo onuň YouTube kanalynda 15 gün ýa-da bir aý boldy, soňra ol wideony öçürdi. Ol meniň telefon jaňlaryma jogap bermegini bes etdi» diýip, ejir çeken adam aýtdy.


Abdukodir Muminow arza berijiden 3800 dollar alandygyny ret edýär. Şol bir wagtda, ol öz işi hem maşynyň akkumulýatory üçin, 600 dollar alandygyny boýun alýar. Onuň sözlerine görä, akkumulýator üçin puly bank kartyndan ibermek isläpdir, emma şikaýatçy mundan boýun gaçyrypdyr. Blogçy şuny belläp geçdi: «Eger men onuň [kazyýetde] akkumulýatory agzajakdygyny bilen bolsam, men şol gün onuň puluny yzyna gaýtaryp bererdim».


«Şol mesele baradaky material YouTube-da ýerleşdirilenden soň, tizden hukuk bozulmalary barada duýduryş berildi. Ondan başga-da, bu wideonyň teswirnamasynda kynçylyklar hem ýüze çykdy. Beýleki tarap öz garşylygyny öňe sürdi. Şonuň üçin men bu wideony öçürdim. Men bu adam bilen material bir ýyl ýa-da ömrümiň ahyryna çenli, ýa bir aýa çenli durar diýip ylalaşmandym» diýip, günä bildirilýän aýtdy.


Başga bir ejir çeken aýal maşgala bolsa, "bikanun işden kowulmagy sebäpli adalaty gazanmak" maksady bilen Abdukodir Muminowa ýüz tutandygyny gürrüň berdi.


«Ýokary kazyýetde meniň hukuklarym dikeldilendigine garamazdan, meni gaýtadan iş ýerime almadylar... Şonda men ondan kömek soranymda, ol maňa şertnama berdi. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň bahasy 10 million sum bolupdyr. Men häzir 5 million sum bermäge razylaşdym, galan 5 million sumy bolsa iş tamamlanandan soň diýip ylalaşdym» diýip, ol aýal aýdýar.


Onuň sözlerine görä, blogçy bu iş boýunça žurnalist barlagyny geçiripdir. «Ýöne muňa garamazdan, iş ýerimde maňa rahatlyk bermediler. Men ondan ahyryna çenli kömek bermegi soradym. Iş ýene gaýtadan kazyýete geçende, men ondan taýýarlanan wideony gowşurmagy haýyş etdim. Men wideony alyp bilmedim. Ýöne mende pula degişli talap ýok» diýip, ejir çeken mälim etdi.


Kazy aýyplanýandan: «Abdukodir, eger siz içeri işler organynyň işgäri bolmasaňyz, eger siz prokuror bolmasaňyz, haýsy maksat bilen adamlaryň meseleleri barada iş alyp barýarsyňyz, ýene-de muňa olardan pul hem alýarsyňyz?» diýip sorady.


Günä bildirilýän blogçylaryň şertnama boýunça işleýändigini aýtdy. «Mugt işleseň nädip ýaşajak?.. Men galamhaky aljak bolup çalyşdym. Men YouTube-den hiç girdeji almadym diýen ýaly. Menden haýyş edenlerinde, YouTube-den alýan girdejimiň bir aýlyk benziniň bahasyna-da ýetmeýändigini aýdýan. Men başgalary gorkuzmak üçin işlemedim. Men aç-açan işlejek boldum. Eger olar maňa pul berip, birine hile gurmaly ýa-da ony masgaralamaly diýseler, şeýle ýagdaýlaram boldy, men ol materialyň üstünde işlemegimi bes etdim» diýip jogap berdi.


Kazyýet diňlenişiginde ejir çeken üç adam öz meselelerini çözmek üçin, bloggere ýüz tutandyklaryny aýtdylar, olar bikanun bäsleşik boýunça daýhan ýerleriniň alynmagyndan arz edipdirler. Olaryň aýtmaklaryna görä, oňa hersi 5 mln sumdan (jemi 15 mln sum) töläpdirler, emma wada berlen material asla çap edilmändir.


«Bu adamlar meniň ýanyma gelenlerinde, men olara şertnama bilen doly tanyşjakdygymy aýtdym. Men olara prokuror däl, häkim hem däl, içeri işler organlarynyň işgäri-de däl diýdim, bu meseläni mümkin boldugyndan doly öwrenip, soň köpçülige aýan ederin diýdim. Eger kimdir birini abraýdan düşürmeli bolsa ýa-da öjükdirmek niýeti bar bolsa, men derrew işimi togtadyp bilerin. Men bu işi öwrenip başlanymda, olaryň biri: "Nähili bolaýanda-da, bu işi köpçülige ýaýradyp, beýleki tarapy masgara et” diýdi. Şondan soň bu işden elim sowap, bu barada ýazmak islemedim» diýip, ol jogap berdi.


Ejir çekenler oňa "ýalan" diýdiler. Olaryň aýtmagyna görä, 15 million sumyň yzyna gaýtarylmagyny soranlarynda, Muminow puly yzyna gaýtarmakçy däldigini aýdypdyr. Kazy aýyplanýandan näme üçin puly yzyna gaýtarmak islemeýändigini sorady. Muňa jogap edip, ol bu serişdeleri ejir çekenlere gaýtaryp bermäge taýýardygyny aýtdy.


Abdukodir Muminowyň ejesi Sabohat Abdullaýewa kazyýet diňlenişiginiň "adalatly” we “açyk" barýandygyny aýdyp, häzirlikçe “mundan özüniň razydygyny” mälim etdi. Ahyrky netijäniň karar çykarylandan soň belli boljagyny duýdurdy.


1-nji awgustda geçirilen diňlenişikde, prokuror kazydan Abdukodir Muninowyň 11 ýyl türme tussaglygyna höküm edilmegini we 3 ýyllap žurnalistik işlerden çetleşdirilmegini sorady.


Mundan daşary-da, prokuror aýyplanýany 400 esasy hasaplama gymmatynyň derejesinde (132 mln sum) jerime salmagy sorady.


Youtube kanalyndaky "Ko'zgu" sahypasynyň awtory (onuň 247000 yzarlaýjysy bar) we "Oynaga qarang" kärhanasynyň başlygy, 1990-njy ýylda doglan blogçy Abdukodir Muminow Özbegistanyň Jenaýat kodeksiniň 141-1-nji maddanyň ("Hyýanatçylykly niýetler üçin amala aşyrylyp, şahsy durmuşyň bozulmagynyň agyr netijelere getirmegi") 2-nji böleginiň «a», «b» bentlerinde; 165-nji maddanyň ("Has uly möçberde talaňçylyk") 3-nji böleginiň «a» bendinde; 168-nji maddanyň ("Kezzaplygyň gaýtalanmagy ýa-da aýratyn uly möçberde, howply jenaýat etmek) 3-nji bölegiň «b» bendinde we 4-nji bölegiň «a» bendinde; 189-njy maddanyň ("Harytlary satmak düzgüniniň bozulmagy ýa-da aýratyn uly möçberde hyzmatlaryň teklip edilmegi”) 1-nji bölegi hem-de 211-nji maddanyň (“Para almaga gatnaşmak”) esasynda günäli hasaplanýar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.



Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net