Merkezi Aziýa ýurtlarynyň banklary “Unistream” töleg ulgamy bilen işleşmegini togtadýar
Şeýle-de, bu gezekki sanksiýalar sanawyna Gyrgyzystanyň dört kompaniýasy girizildi.
“Fergana.news” portalynyň ýazmagyna görä, Özbegistanyň “Halk-bank”, “Ipoteka-bank” we “Kapitalbank” banklary 24-nji iýulda “Unistream” ulgamynyň hyzmatynyň togtadylandygyny habar berdi.
“Economist.kg” neşiriniň ýazmagyna görä, Gyrgyzystanyň “Kompanion”, “Finsa Bank”, “RSK Bank”, “Halyk Bank” we “Kapital Bank” banklary hem şeýle karar kabul etdi.
Täjigistandaky “Orienbank” we “Humo Bank” banklary hem “Unistream” bilen işlemegini bes etdi. TASS habar gullugynyň ýazmagyna görä, bu respublikada diňe Täjigistanyň Döwlet banky “Unistream” töleg ulgamyna hyzmat etmegini dowam etdirýär.
Gazak metbugaty häzir “Kazpoçta” we “Nurbank” banklarynyň “Unistream” bilen işleşmeýändigini habar berýär. Ermenistanda “Azatutýun” radiosynyň habaryna görä, (Azatlyk radiosynyň Ermeni gullugy) Ermanistanda bu ulgam häzir “Converse Bank” we “Inecobank” banklarynda işlemeýär.