Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Balkanly aýal-gyzlarda mejbury medisina barlagy geçirilýär

Balkan welaýatynyň aýal-gyzlarynda medisina barlagy geçirilýär. 18 ýaşyny dolduran aýal-gyzlaryň ählisinde geçirilýän mejbury barlaglarda onkologiýa kesellerini anyklamak boýunça derňewler geçirilýär. Ýerli lukmanlar hökümet meýilnamasyna salgylanyp, barlaglaryň geçirilmegine Türkmenistanda aýal-gyzlaryň arasynda onkologiýa keseliniň ähli görnüşleriniň aşa köpelmeginiň sebäp bolýandygyny aýdýarlar.


“Iki aý ozal başlan uçdantutma barlaglar ýerli saglyk öýlerinde tapgyrlaýyn esasda alnyp barylýar. Bularda süýt mäzleriň, ýatgynyň rak kesellerini we beýleki ginekologiki raklary anyklamak boýunça barlag geçirilýär. Zenanlardan mazok, gan alynýar, mamografiýa we ýatgyda ultra ses barlaglary geçirilýär” diýip, Türkmenbaşynyň saglyk öýleriniň biriniň lukmany aýtdy.


Zenanlardan alnan gan ýörite gormonal test üçin Balkanabat şäherindäki anyklaýyş merkezine ugradylýar. Bu testiň netijeleri bir hepdede taýýar bolýar.




“Mejbury barlaglar barada ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan ýörite meýilnama iberildi. Barlaglar aýal-gyzlaryň arasynda onkologiki keselleriň çenden aşa köp bolmagy sebäpli we olaryň öňüni almak hem-de olary bejermek maksadynda geçirilýär” diýip, balkanly lukman belledi.


Azatlyk Radiosy barlaglar barada welaýatyň saglyk bölüminden we ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden kommentariýa almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 20-nji iýulda eden telefon jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.


Barlaglar barada ýurduň media serişdelerinde hem maglumat göze ilmeýär. Şeýle-de, ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň resmi websaýtynda aýal-gyzlaryň arasynda onkologiýa keseliniň derejesi baradaky statistika halka elýeterli bolan maglumatlaryň hatarynda görünmeýär.


Ýöne Azatlyk ýurduň onkologiýa keselleri hassahanalarynyň we lukmanlarynyň talaba laýyk bejergi berip bilmeýändigi, şeýle-de bu keselden ölýänleriň köpdügi barada ençeme gezek habar berdi.


BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (UNDP) resmi websaýtynyň Türkmenistan bölüminde berilýän maglumata görä, süýt mäzleriň rak keseli, Türkmenistanda aýal-gyzlarda ýüze çykarylýan onkologiýa keselleriniň ähli görnüşleriniň arasynda birinji ýerde durýar.


2020-nji ýyla degişli maglumatlara görä, Türkmenistanda şol ýyl aýallaryň arasynda täze ýüze çykarylan 3848 hadysanyň 1025 sanysyny süýt mäzleriň rak keseli düzýär. Şol ýyl bu keselden 450 zenan ölüpdir.




Bu aralykda, balkanly lukmanlaryň birnäçesi barlaglarda aýal-gyzlaryň 20 göterimi töwereginde dürli ýokanç keselleriň, şol sanda wiruslaryň bardygynyň anyklanýandygyny hem aýdýar.


“Bu keseller jynsy ýollar bilen ýokuşýan erbet keselleriň hatarynda bolup, bular köplenç köp adamlar bilen jynsy gatnaşykda bolýan zenanlarda gabat gelýär. Käbir zenanlarda WIÇ/SPID keselleri hem ýüze çykaryldy. Bu zenanlaryň medisina hasabatlary, adatça bolşy ýaly, dessine etrap milli howpsuzlyk edarasyna iberildi” diýip, balkanly lukman aýtdy.


Onuň sözlerine görä, Milli howpsuzlyk ministrliginiň sebitdäki edarasy WIÇ/SPID keseli anyklanan zenanlary Aşgabatdaky ýokanç keseller hassahanasyna ýatymlaýyn bejergi almaga ugradýar. Bu talap mejbury bolup, zenanlaryň mundan ýüz öwürmegine rugsat berilmeýär.


Azatlyk ýokarda aýdylanlar barada Milli howpsuzlyk ministrliginiň sebitdäki edarasyndan komentariýa alyp bilmedi.


“Ykdysady kynçylyklar we işsizlik zerarly aýal-gyzlaryň arasynda paýtagt Aşgabada we daşary ýurtlara gidýänleriň köpelmegi bilen, dürli ýokanç keseller we wiruslar bilen keselleýänleriň sany günsaýyn artýar. Sebäbi olar gazanç gözleginde, paýtagtda we daşary ýurtlarda ten söwdasyna baş goşup, erbet ýokanç keselleri özlerine ýokuşdyryp, agyr ýagdaýa düşýärler. Bu ýagdaýlaryň arasynda, soňky bir ýylyň dowamynda Balkanda maýyp we wagtyndan öň dogulýan çagalaryň sany hem, öňki ýyllar bilen deňeşdirilende, 40% artdy” diýip, lukman belledi.


Azatlyk ýokarda agzalan barlaglaryň ýurduň beýleki sebitlerinde-de geçirilýändigini ýa geçirilmeýändigini anyklamaga çalyşýar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net